Wodorod energiýasy Ýewropa Bileleşiginiň «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek meýilnamalarynyň özenidir. Ýewropa Komissiýasy çykdajylaryny azaltmak maksady bilen 2024-nji ýyla çenli täzelenip bilýän wodorod önümçiligini alty esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Wodorod bilen işleýän bu otly, Fransiýanyň «Alstom» kompaniýasynyň iň soňky önümidir. 300 orunlyk jemgyýetçilik ulagy sagatda 110 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Iň esasy zat, güýç çeşmesi otlynyň üçeginde ýerleşýär. Häzirki wagtda Ýewropada bäş müň sany dizel otlusyny çalyşmak barada gürrüň gidýär. Germaniýa eýýäm wodorod ýangyjy bilen işleýän modelleriň 40-dan gowragyny sargyt etdi we wodorod energiýasyny ösdürmek maksady bilen 9 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Ýewropa Komissiýasy wodorod ýangyjynyň gazylyp alynýan energiýa çeşmelerine garaşlylygy azaltmaga, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmäge we müňlerçe iş ýerlerini döretmäge kömek etjekdigine ynanýar. Germaniýa dizelden wodoroda geçen şäherara otlularyny ulanmak boýunça dünýäniň beýleki ýurtlaryndan öňde barýar. Wodorod daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, dizeliň, tebigy gazyň hem-de kömrüň deregini tutýar. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli wodorod tehnologiýasy Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýangyç ätiýaçlyklarynyň dörtden bir bölegini üpjün eder; olar 42 million awtoulagy, bir ýarym milliondan gowrak ýük ulagyny we 250 müň awtobusy ýangyç bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar.