Prezidentlige dalaşgär boldy. Kanýe West ABŞ-da Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy. Repçi ABŞ-nyň Oklahoma ştatynyň saýlaw toparyna resminamalaryny tabşyrdy we hasaba alyş tölegini geçirdi. Kanýe West 5-nji iýulda prezidentlige dalaş etmek meýliniň bardygyny mälim edipdi. ABŞ-da Prezident saýlawlary şu ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriler. Respublikaçylara Ak tamyň häzirki ýolbaşçysy Donald Tramp wekilçilik eder. Demokratlar tarapyndan dalaşgär hökmünde öňki wise-prezident Jo Baýden saýlandy. Däp bolşy ýaly, bu partiýalaryň bir dalaşgäri amerikan saýlawlarynda ýeňiş gazanar. Kanýe West amerikaly meşhur repçi we prodýuser hökmünde giňden tanalyp, «realiti şou» ýyldyzy Kim Kardaşýanyň adamsydyr.
Nelson Mandela baýragynyň eýeleri. Ömrüni adamzada hyzmat etmäge bagyşlanlara her bäş ýylda bir gezek berilýän Nelson Mandela baýragy şu ýyl gresiýaly Marianna Wardinoýannis we gwineýaly doktor Morissana Kuýate gowşurylar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Tijani Muhammad-Band mälim etdi. Marianna Wardinoýannis 30 ýyldan gowrak wagt bäri haýyr-sahawat işlerine gatnaşýar: ol düwnük keseli bolan çagalara niýetlenen kömek gaznasynyň ýolbaşçysy. Doktor Kuýate afrikaly zenanlaryň hukuklary boýunça alyp baran işleri üçin halkara derejesinde ykrar edildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçiriler.
Perunyň täze hökümeti. Perunyň Prezidenti Martin Wiskarra, Ministrler Geňeşiniň täze başlygy Pedro Katerianonyň kasam kabul ediş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň täze agzalaryny wezipelere belledi. Martin Wiskarra milli ykdysadyýetiň dikeldilmegini çaltlandyrmagyň täze hökümetiň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Ol kabinetiniň ähli agzalaryny ykdysady ösüşi ilerletmek, Perunyň halky üçin has köp maýa goýum we iş mümkinçiliklerini döretmek ugrundaky tagallalaryny iki esse artdyrmaga çagyrdy. Täze Daşary işler ministri Mario Lopez Çawarri, Saglyk ministri – Pilar Massetti Soler, Energetika we magdan ministri Rafael Belaounda boldy.
Bir salkymy 12 müň dollara satyldy. Seýrek görnüşli üzümiň bir salkymy Ýaponiýada auksionda satyldy. Satyn alyjy oňa 12 müň dollar töledi. Geçen ýylky rekord bilen deňeşdireniňde, bu üzüme takmynan, 900 dollar köp tölendi. Üzümiň bu görnüşi «Rim lagyly» diýlip atlandyrylýar. Ol ýapon seçgiçileri tarapyndan 2008-nji ýylda ösdürilip ýetişdirildi. Gyrmyzy reňkli miwe iň ýuka gabyk bilen örtülip, ululygy bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem, bu üzüm örän ýakymly süýji tagama eýedir. Bir salkym üzümi ýerli telekeçi Mitsutari Sakamoto satyn aldy. Ol bu auksiona diňe bir tagam islegleri üçin däl-de, eýsem, içerki telekeçiligi goldamak maksady bilen gelendigini aýtdy.
Günden göterilýän ýalynlar. Günden has belentlige göterilýän ýalynlar ýüze çykaryldy. Muňa NASA hem-de Ýewropanyň kosmos gullugy «Solar Orbiter» kosmik gämisi arkaly 77 million kilometr aralykdan alnan ilkinji suratlar doly şaýatlyk edýär. «Solar Orbiter» fewral aýynda Kanaweral burnundan uçurylan Ýewropa-Amerika taslamasydyr. Onuň 9 ýyl işläp biljekdigi çak edilýär. Enjam onlarça ylmy gural we gyzgynlyk geçirmeýän gorag bilen üpjün edilendir. Bu bolsa Güni 40 million kilometre çenli ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Bethoweniň labirint şekili. Nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň ullakan labirint görnüşindäki şekili, Germaniýadaky günebakar ekilen meýdanlaryň birinde peýda boldy. Adaty bolmadyk portret Uttingam-Ammerze şäherinden bolan bawariýaly daýhanlaryň maşgalasy tarapyndan döredildi. Olaryň 20 ýyldan gowrak wagt bäri labirint işläp düzýändigi hem belli boldy. Bethoweniň portreti Korinn we Uli Ernst tarapyndan kompozitoryň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Döredilen eser şeýle bir uly welin, ony diňe guşuçar belentlikden aýyl-saýyl görüp bolýar.
1 million ýewro baýrak aldy. Portugaliýanyň «Calouste Gulbenkian» gaznasy tarapyndan 17 ýaşly şwesiýaly ekolog Greta Tunberge «Ynsanperwerligi üçin» baýrak berildi. Daşky gurşawy goramak boýunça işleýän Greta Tunberg ýaşlary bu işe çekmäge höweslendirýändigi üçin bu baýraga mynasyp görüldi. Baýragyň bir million ýewrodan ybaratdygy bellenilýär. Ýaş Ekolog ähli serişdeleri daşky gurşawy goramak ugrundan işleýän guramalara geçirmek isleýändigini aýtdy. Greta daşky gurşaw boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, giň meşhurlyga eýe boldy. Ol BMG-de, halkara sammitlerinde çykyş etdi we Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi.