Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär boldy. Kan­ýe West ABŞ-da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na da­laş­gär hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Rep­çi ABŞ-nyň Ok­la­ho­ma şta­ty­nyň saý­law to­pa­ry­na res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şyr­dy we ha­sa­ba alyş tö­le­gi­ni ge­çir­di. Ka­nýe West 5-nji iýul­da pre­zi­dent­li­ge da­laş et­mek meý­li­niň bar­dy­gy­ny mä­lim edip­di. ABŞ-da Pre­zi­dent saý­law­la­ry şu ýy­lyň 3-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­ler. Res­pub­li­ka­çy­la­ra Ak ta­myň hä­zir­ki ýol­baş­çy­sy Do­nald Tramp we­kil­çi­lik eder. De­mok­rat­lar ta­ra­pyn­dan da­laş­gär hök­mün­de öň­ki wi­se-pre­zi­dent Jo Baý­den saý­lan­dy. Däp bol­şy ýa­ly, bu par­ti­ýa­la­ryň bi­r da­laş­gäri ame­ri­kan saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nar. Ka­nýe West ame­ri­ka­ly meş­hur rep­çi we prod­ýu­ser hök­mün­de giň­den ta­na­lyp, «rea­li­ti şou» ýyl­dy­zy Kim Kar­daş­ýa­nyň adam­sy­dyr.

Nel­son Man­de­la baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri. Öm­rü­ni adam­za­da hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­la­n­la­ra her bäş ýyl­da bir ge­zek be­ril­ýän Nel­son Man­de­la baý­ra­gy şu ýyl gre­si­ýa­ly Ma­ri­an­na War­di­no­ýan­nis we gwi­ne­ýa­ly dok­tor Mo­ris­sa­na Ku­ýa­te gow­şu­ry­lar. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Band mä­lim et­di. Ma­ri­an­na War­di­no­ýan­nis 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne gat­naş­ýar: ol düw­nük ke­se­li bo­lan ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen kö­mek gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy. Dok­tor Ku­ýa­te af­ri­ka­ly ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça alyp ba­ran iş­le­ri üçin hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­di. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy BMG-niň Nýu-Ýork­da­ky baş eda­ra­syn­da ge­çi­ri­ler.

Pe­ru­nyň tä­ze hö­kü­me­ti. Pe­ru­nyň Pre­zi­den­ti Mar­tin Wis­kar­ra, Mi­nistr­ler Ge­ňe­şi­niň tä­ze baş­ly­gy Ped­ro Ka­te­ria­no­nyň ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­syn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze ag­za­la­ry­ny we­zi­pe­le­re bel­le­di. Mar­tin Wis­kar­ra mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­kel­dil­me­gi­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň tä­ze hö­kü­me­tiň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ol ka­bi­ne­ti­niň äh­li ag­za­la­ry­ny yk­dy­sa­dy ösü­şi iler­let­mek, Pe­ru­nyň hal­ky üçin has köp ma­ýa go­ýum we iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny iki es­se art­dyr­ma­ga ça­gyr­dy. Tä­ze Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ma­rio Lo­pez Ça­war­ri, Sag­lyk mi­nist­ri – Pi­lar Mas­set­ti So­ler, Ener­ge­ti­ka we mag­dan mi­nist­ri Ra­fa­el Be­laoun­da bol­dy.

Bir sal­ky­my 12 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Seý­rek gör­nüş­li üzü­miň bir sal­ky­my Ýa­po­ni­ýa­da auk­si­on­da sa­tyl­dy. Sa­tyn aly­jy oňa 12 müň dol­lar tö­le­di. Ge­çen ýyl­ky re­kord bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, bu üzüme tak­my­nan, 900 dol­lar köp tö­len­di. Üzü­miň bu gör­nü­şi «Rim la­gy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol ýa­pon seç­gi­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan 2008-nji ýyl­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Gyr­my­zy reňk­li mi­we iň ýu­ka ga­byk bi­len ör­tü­lip, ulu­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Şeý­le hem, bu üzüm örän ýa­kym­ly süý­ji ta­ga­ma eýe­dir. Bir sal­kym üzü­mi ýer­li te­le­ke­çi Mit­su­ta­ri Sa­ka­mo­to sa­tyn al­dy. Ol bu auk­sio­na di­ňe bir ta­gam is­leg­le­ri üçin däl-de, eý­sem, içer­ki te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak mak­sa­dy bi­len ge­len­di­gi­ni aýt­dy.

Gün­den gö­te­ril­ýän ýa­lyn­lar. Gün­den has be­lent­li­ge gö­te­ril­ýän ýa­lyn­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Mu­ňa NA­SA hem-de Ýew­ro­pa­nyň kos­mos gul­lu­gy «So­lar Or­bi­ter» kos­mik gä­mi­si ar­ka­ly 77 mil­li­on ki­lo­metr ara­lyk­dan al­nan il­kin­ji su­rat­lar do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. «So­lar Or­bi­ter» few­ral aýyn­da Ka­na­we­ral bur­nun­dan uçu­ry­lan Ýew­ro­pa-Ame­ri­ka tas­la­ma­sy­dyr. Onuň 9 ýyl iş­läp bil­jek­di­gi çak edil­ýär. En­jam on­lar­ça yl­my gu­ral we gyz­gyn­lyk ge­çir­me­ýän go­rag bi­len üp­jün edi­len­dir. Bu bol­sa Gü­ni 40 mil­li­on ki­lo­met­re çen­li ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Bet­ho­we­niň la­bi­rint şe­ki­li. Ne­mes kom­po­zi­to­ry Lýud­wig wan Bet­ho­we­niň ul­la­kan la­bi­rint gör­nü­şin­dä­ki şe­ki­li, Ger­ma­ni­ýa­da­ky gü­ne­ba­kar eki­len meý­dan­la­ryň bi­rin­de peý­da bol­dy. Ada­ty bol­ma­dyk port­ret Ut­tin­gam-Am­mer­ze şä­he­rin­den bo­lan ba­wa­ri­ýa­ly daý­han­la­ryň maş­ga­la­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Ola­ryň 20 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri la­bi­rint iş­läp düz­ýän­di­gi hem bel­li bol­dy. Bet­ho­we­niň port­re­ti Ko­rinn we Uli Ernst ta­ra­pyn­dan kom­po­zi­to­ryň dog­lan gü­nü­niň 250 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp dö­re­dil­di. Dö­re­di­len eser şeý­le bir uly we­lin, ony di­ňe gu­şu­çar be­lent­lik­den aýyl-sa­ýyl gö­rüp bol­ýar.

1 mil­li­on ýew­ro baý­rak al­dy. Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Calous­te Gul­ben­ki­an» gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan 17 ýaş­ly şwe­si­ýa­ly eko­log Gre­ta Tun­ber­ge «Yn­san­per­wer­li­gi üçin» baý­rak be­ril­di. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­ýän Gre­ta Tun­berg ýaş­la­ry bu işe çek­mä­ge hö­wes­len­dir­ýän­di­gi üçin bu baý­ra­ga my­na­syp gö­rül­di. Baý­ra­gyň bir mil­li­on ýew­ro­dan yba­rat­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýaş Eko­log äh­li se­riş­de­le­ri daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ug­run­dan iş­le­ýän gu­ra­ma­la­ra ge­çir­mek is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Gre­ta daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Ol BMG-de, hal­ka­ra sam­mit­le­rin­de çy­kyş et­di we Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na da­laş­gär gör­ke­zil­di.