Planetamyzyň dürli ýerlerinde owadan kölleriň ýüzlerçesi bar. Olaryň käbiri gülgüne reňkli bolsa, käsiniň dykyzlygy ýokary bolup, içine giren adam çümmeýär, käsi bolsa arassa we bol suwly bolup, çuňlugy bilen tapawutlanýar. Gyşyna üstünde awtoulag ýaryşy geçirilýän köller hem bar. Daş-töwereginiň tebigaty, suwasty gözellikleri bilen özüne çekýän köller hem az däl. Şol sebäpli dünýäniň belli syýahatçylyk nokatlarynyň arasynda köllere hem aýratyn orun degişlidir. Jahankeşdeleri özüne çekýän köller Ýewropada hem az däl. «Brandlifemag.com» saýtynyň redaktorlary Ýewropanyň iň gowy kölleriniň sanawyny mälim etdiler. Sanawa jemi alty köl girizilipdir.
Bled köli, Sloweniýa. Diňe Ýewropanyň däl, eýsem, dünýäniň iň owadan kölleriniň biri hasaplanýar. Alp daglarynyň eteklerindäki gök öwüsýän tokaýlyklaryň arasynda ýerleşýän kölüň ortasyndaky adajyk onuň gözelligini has hem artdyrýar. Adada taryhy buthana ýerleşip, jahankeşdeler ol ýere barmak üçin kenardaky gaýyklardan peýdalanýarlar.
Komo köli, Italiýa. Rim imperiýasy döwründen bäri bu kölüň kenarynda dynç almaga gelinýändigi bellenilýär. Ýurduň merjeni hasaplanýan kölüň kenaryndaky kiçijik obalar, taryhy jaýlar we ajaýyp tebigat bu ýere gelýänleri özüne bendi edýär. Kölüň golaýynda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar hem gurlupdyr. Kölüň kenaryndaky taryhy binalary görmek üçin gaýykly gezelençler hem gurnalýar.
Battermeýr köli, Angliýa. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky kölüň daşynda ýöremegi halaýanlar üçin ýörite ýoda gurlupdyr. Jadylaýjy kölüň ýüzi tolkunsyz bolup, ýere ýazylyp ýatan aýna ýaly owadan dag gerişlerini has owadan edip görkezýär.
Ýökýulsaurloun köli, Islandiýa. Adanyň günorta-gündogarynda Watnajökull milli seýilgähindäki kölüň ýüzünde suwuň akymyna görä hereket edýän buzlar bar. Bu buzlar ummanlardaky aýsbergleriň kiçiräk görnüşine çalym edýär. Wulkanyň atylmagy netijesinde kölüň kenarlarynda emele gelen gara reňkli çägelik we kenara gelip urýan ýalpyldawuk buzlar örän owadan reňk sazlaşygyny emele getirýär. Ýylyň belli pasyllarynda gijesine peýda bolýan demirgazyk şöhleleri bu ýeriň gözelligine gözellik goşýar.
Plitwiski kölleri, Horwatiýa. Ýurduň adybir goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän köller şaglawuklar arkaly birigýär. Her biri gök reňkiň başgaça öwüşginini hödürleýän kölleriň myhmanlary bu ýerde özlerini ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarlar.
Rakots köli, Germaniýa. Ýurduň paýtagty Berlinden awtoulag bilen 2 sagat çemesi wagtda baryp bolýan köl al-ýaşyl öwüsýän tokaýlara bürenip otyr. Kölde XIX asyrda gurlan köpriniň suwa düşýän suraty onuň gözelligini has hem artdyrýar.