Alym­lar jan­ly-jan­dar­la­ryň nä­me üçin uk­la­ma­ga mej­bur bol­ýan­dy­gy­ny en­tek do­ly anyk­la­ma­dy­lar. Em­ma uky­nyň ada­myň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy ha­ky­kat. Şeý­le hem uky beý­ni­niň tä­ze zat­la­ry öw­ren­me­gi­ne hem kö­mek ed­ýär. Be­den sag­ly­gy üçin äh­mi­ýet­li bo­lan uky ýat­keş­li­gi güýç­len­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Luk­man­lar ýat­mak üçin dü­şe­ge ge­çi­len­den soň­ra gys­ga wagt­da uk­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Ýa­tan ýe­riň­de te­le­fon­dyr te­le­wi­zo­ra güý­men­mek uky­nyň hi­li­ni pe­seld­ýär. Adam sag­ly­gy üçin uky­nyň di­ňe wag­ty däl, hi­li­niň hem äh­mi­ýe­ti uly. Gi­je­ki uky­nyň ara­kes­me­siz bol­ma­ly­dy­gy, haý­sy­dyr bir se­bäp bi­le­n oýa­nsaň hem gys­ga wagt­dan uk­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Uky­ňy ma­za­ly al­mak üns­lü­li­gi ber­kid­ýär. Ir­den uku­dan oýa­na­ny­myz­da şäh­di­miz açyk, ýa­daw­ly­gy­myz aý­ry­lan bol­ma­ly. To­mus gün­le­rin­de gün­diz­ki uky­nyň hem beý­nä örän uly peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Gü­nor­tan az-kem ir­kil­mek beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Mör-mö­jek­ler uk­la­ýar­my?
Ha­wa. Te­bi­gy ekoul­ga­myň do­wam et­me­gi üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lan bu ki­çi­jik jan­dar­la­ryň bi­ziň­ki ýa­ly gö­zü­niň ga­bak­la­ry ýok. Kä­bir mör-mö­jek­ler ze­per ýet­mez­li­gi üçin an­ten­na­la­ry­ny buk­ýar­lar. Mör-mö­jek­le­riň mil­li­on­lar­ça gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri gi­je­si­ne ho­wa­nyň sal­kyn wag­ty uk­la­ýar. Kä­bir gör­nüş­le­ri bol­sa, gün­di­zi­ne dynç alyp, gi­je­si­ne iý­mit­len­mek üçin hi­nin­den çyk­ýar.
Kos­mo­nawt­lar nä­hi­li uk­la­ýar?
Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­lar dar­tyş güý­ji bol­ma­dyk gä­mi­niň için­de ýa­şa­ýar­lar. Şol se­bäp­li uk­la­jak wag­ty ho­wa­da gaý­ma­lap ýör­mez­lik üçin ýö­ri­te dü­şe­ge özü­ni ber­kit­me­li bol­ýar. Bu ýer­dä­ki kos­mo­nawt­lar her gün­de Ýe­riň da­şyn­dan 16 ge­zek aý­lan­ýar. Şeý­le­lik­de, olar Gü­nüň do­ga­ny­ny we ýa­şa­ny­ny 16 ge­zek gör­ýär­ler. Ýag­ny, kos­mos gi­ňiş­li­gin­de gi­je, gün­diz, ikin­di ýa-da ag­şam ýa­ly dü­şün­je bol­ma­ýar. Bu bol­sa, ola­ryň be­den­le­ri­niň «bio­lo­gik sa­ga­dy­na» tä­sir ed­ýär. Ol ýer­dä­ki uky­nyň ýer­dä­ki­den o di­ýen ta­pa­wu­dy ýok. Kos­mo­nawt­la­r dar­tyş güý­jü­niň az­dy­gy se­bäp­li adat­da­ky­dan 1-2 sa­gat az uk­la­ýan­dyk­la­ry­ny we düýş gör­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar.

De­ňiz ho­wa­sy ra­hat uka tä­sir ed­ýär­mi?
Gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri ýok. Em­ma de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ýan adam has köp he­re­ket eden­di­gi se­bäp­li ra­hat uk­la­ma­gy müm­kin. Şeý­le hem, de­ňiz ke­na­ryn­da ho­wa has aras­sa bol­ýar. Se­bä­bi ke­na­ra ur­ýan tol­kun­lar ýo­ka­ry hil­li kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ýar. Ra­hat uky üçin ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy­nyň hem tä­si­riniň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.