Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­nyň» 2019–2020 möw­sü­mi ta­mam­lan­dy. Çem­pi­on­ly­gy­ny ge­çen tap­gyr­da yg­lan eden «Re­al Mad­rid» soň­ky du­şu­şy­gyn­da «Le­ga­nes» bi­len 2–2 deň­me-deň oý­na­dy. Bu deň­lik bi­len «Le­ga­nes» to­pa­ry «Es­pan­ýol» we «Mal­ýor­ka­dan» soň, aşa­ky li­ga dü­şen 3-nji klub bol­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Ala­we­si» 5–0 ýe­ňen «Bar­se­lo­na­nyň» su­per ýyl­dy­zy Lionel Messi 25 gol bi­len möw­sü­miň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy bol­dy. Ol bas­syr 4-nji, umu­my­lyk­da-da 7-nji ge­zek «Pichichi­ni» baý­ra­gy­ny eýe­läp, Tel­mo Zar­ro­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Şeý­le-de Lio­nel Mes­si «Ar­se­na­lyň» fran­si­ýa­ly ýyl­dy­zy Ti­er­ri An­ri­den soň, XXI asyr­da 1 möw­süm­de 20-den köp gol ge­çi­ren hem-de asist eden (25 gol, 21 asist) 2-nji fut­bol­çy bol­dy.