Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 34-nji tap­gyr­da «Ýu­wen­tus» Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň gol­la­ry bi­len «La­sio­ny» 2–1 ýeň­di. Su­per ýyl­dyz Ro­nal­do­nyň «Se­rie A»-da gol­la­ry­nyň sa­ny 51-e ýet­di. Şun­luk­da, ol 61 oýun­da 50 gol ge­çi­rip, «Se­rie A»-da bu gör­ke­zi­jä iň çalt ýe­ten fut­bol­çy bol­dy. Bu ugur­da ozal­ky re­kord And­reý Şew­çen­ko de­giş­li­di (69 oýun­da 50 gol). Ga­ly­ber­se-de, Ro­nal­do «Pre­mi­er Li­ga» hem-de «La Li­ga­dan» soň, «Se­rie A»-da 50 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­ma­gy ba­şar­dy.
Aşa­ky li­ga dü­şen SPAL to­pa­ry 35-nji tap­gyr­da «Ro­ma­dan» 6–1 as­gyn gel­di. 36-njy tap­gyr­da «In­te­riň» utuk ýi­tir­me­gin­den soň, «Udi­ne­ze­den» 2–1 as­gyn ge­len «Ýu­wen­tus» çem­pi­on­ly­gy­ny soň­ky tap­gyr­la­ra goý­dy.