UEFA-nyň 1-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şy­nyň 13-nji möw­sü­min­de 32 to­par bäs­le­şi­ge gat­naş­ýar. 1967-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bat alan ýa­ryş, 1968-nji ýy­lyň ma­ýyn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­lan­ýar. Ol bu ku­bo­gy eýe­län il­kin­ji iň­lis klu­by bol­ýar.
1-nji tap­gyr­da soň­ky çem­pi­on «Sel­tik» ýa­ryş­dan çyk­ýar. Ki­ýe­wiň «Di­na­mo­syn­dan» öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 utu­lan şot­land to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da-da 1–1 deň­me-deň oý­na­ýar. Tap­gy­ryň çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­la­ryn­da «Re­al Mad­rid» «Aýaks­dan» kyn­lyk bi­len üs­tün çyk­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly «Ben­fi­ka» hem «Glen­to­ran­dan» üs­tün çyk­mak ýe­ňil düş­me­ýär (0–0, 1–1). Iň­lis klu­by «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» «Hi­ber­ni­an­sy» öz meý­dan­ça­syn­da 4–0 ýeň­me­gi 2-nji tap­gy­ra çyk­mak üçin ýe­ter­lik bol­ýar.
2-nji tap­gyr­da-da wen­ger to­pa­ry «Wa­sas» uly ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­ýar. Is­lan­di­ýa­nyň «Wa­lur» to­pa­ryny 6–0 we 5–1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňen «Wa­sas» 1-nji tap­gyr­da Ir­lan­di­ýa­nyň «Dan­dolk» klu­bu­ny 1–0 we 8–1 ha­sap­lar bi­len utup­dy. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da ýe­ňip bil­me­dik «Sa­ra­ýe­wo» to­pa­ry­ny Ang­li­ýa­da As­ton we Bes­tiň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­ýär. Myh­man­çy­lyk­da 2–2 deň­me-deň oý­nan «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da ýa­ry­şyň tä­ze klu­by «Hwi­dow­re­ni» 4–1 ut­ýar. «Ýu­wen­tus­dyr» «Ben­fi­ka» to­par­la­ry 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 1 gol ara­ta­pa­wu­dy bi­len gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­ýar.
Çär­ýek fi­nal­da ýa­ry­şy do­wam et­di­ren klub­la­ryň hiç bi­ri­ne-de 2 oýun­da ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­ma­ýar. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» pol­ýak­la­ryň «Gor­nik Zabr­ze» to­pa­ryny öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 ýeň­ýär. Jo­gap oý­nun­da 1–0 utu­lan iň­lis­ler bir möw­süm­den soň, ýe­ne ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da Pra­ga­nyň «Spar­ta» to­pa­ry­ny Aman­sio­nyň het-tri­gi bi­len 3–0 ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Pra­ga­da 2–1 ýe­ňiş ga­za­nan çeh to­pa­ry­na bu ýe­ňiş ýe­ter­lik bol­ma­ýar. Şu tap­gy­ra çen­li ýa­ry­şyň iň köp gol ge­çi­ren to­pa­ry «Wa­sas» öz meý­dan­ça­syn­da «Ben­fi­ka» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­ýar. Ýö­ne myh­man­çy­lyk­da Eý­se­bio­nyň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da 3–0 utu­lan wen­ger to­pa­ry üçin ýa­ryş ta­mam­lan­ýar. Myh­man­çy­lyk­da 1-nji ýa­rym­da ge­çir­den 3 go­ly esa­syn­da «Aýnt­raht­dan» 3–2 utu­lan «Ýu­wen­tus» Tu­rin­de Ber­çel­li­no­nyň soň­ky mi­nut­lar­da­ky pe­nal­ti go­ly bi­len 1–0 ut­ýar. To­par­la­ryň öza­ra 3-nji du­şu­şy­gyn­da-da şol ha­sap (1–0) gaý­ta­lan­ýar we ital­ýan to­pa­ry ýa­rym fi­na­la çyk­ýar.
Ýa­rym fi­nal­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» öz meý­dan­ça­syn­da «Re­al Mad­ri­di» Jorj Bes­tiň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär. Çe­ke­le­şik­li ge­çen jo­gap oý­ny 3–3 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar (Pir­ri 32, Hen­to 41, Aman­sio 45 — Zo­ko 44 ö.d., Sad­ler 73, Fol­kes 78). «Ben­fi­ka» to­pa­ry «Ýu­wen­tu­sy» Por­tu­ga­li­ýa­da Eý­se­bio we Tor­re­siň gol­la­ry bi­len 2–0, Ita­li­ýa­da bol­sa, Eý­se­bio­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 utup, 5-nji ge­zek fi­na­la çyk­ýar.

Fi­nal du­şu­şy­gy 1968-nji ýy­lyň 29-njy ma­ýyn­da Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 92225 jan­kö­ýe­riň gat­na­şan du­şu­şy­gy­na ita­li­ýa­ly Kon­çet­to Lo Bel­lo emin­lik ed­ýär. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­ýar. Oý­nuň 53-nji mi­nu­tyn­da Bob­bi Çarl­ton ha­sa­by aç­ýar. 79-njy mi­nut­da Gra­ça ha­sa­by deň­le­ýär we du­şu­şy­ga 30 mi­nut go­şul­ýar. Şol goş­ma­ça wag­tyň il­kin­ji 10 mi­nu­tyn­da iň­lis klu­by yz­ly-yzy­na 3 gol ge­çir­ýär. 92-nji mi­nut­da Jorj Best, 94-nji mi­nut­da Bra­ýan Kidd hem-de 99-njy mi­nut­da Çarl­ton ta­pa­wut­la­nyp, to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Mun­dan öň­ki möw­süm­de çem­pi­on­ly­gy ga­za­nan «Sel­tik» bu ku­bo­gy eýe­län il­kin­ji bri­tan to­pa­ry bo­lup­dy. Bu ge­zek «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bu ku­bo­gy eýe­län il­kin­ji iň­lis klu­by hök­mün­de ta­ry­ha gir­ýär. «Ben­fi­ka» bol­sa 2 çem­pi­on­lyk ga­za­nan ýyl­la­ryn­dan soň, 3-nji ge­zek fi­nal­da utul­ýar.