Hä­zir­ki za­man fut­bo­lyn­da tä­ze möw­sü­miň çem­pio­ny­ny öňün­den çak­la­mak üçin fut­bol hü­när­me­ni bol­mak hök­ma­n däl. Esa­san hem Ýew­ro­pa­nyň 5 uly li­ga­syn­da – Ger­ma­ni­ýa­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň», Ita­li­ýa­da «Ýu­wen­tu­syň», Fran­si­ýa­da PSŽ-niň, Is­pa­ni­ýa­da «Re­al Mad­ri­diň» ýa-da «Bar­se­lo­na­nyň» çem­pi­on bol­jak­dy­gy­ny öňün­den kes­git­le­mek ýyl­sa­ýyn has-da ýe­ňil­leş­ýär. Di­ňe Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» az­da-kän­de üýt­ge­şik­lik bo­lup bil­ýär. Ol hem Aleks Fer­gu­so­nyň pen­si­ýa çyk­ma­gyn­dan soň, «Pre­mi­er Li­ga­da» çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­ri­niň sa­nynyň ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, bir­ne­me kö­pel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Şol bir wag­tyň özün­de, Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki li­ga­la­ryn­da-da wag­tal-wag­tal bo­laý­ma­sa, o di­ýen üýt­ge­şik­lik ýok.

«Li­wer­pul»
mak­sa­dy­na ýet­di, beý­le­ki­ler…
Kä­bir klub­la­ryň soň­ky ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­na­ny­na ju­da köp wagt geç­di. Şo­la­ryň bi­ri-de şu möw­süm­de ahy­ry ar­zu­wy­na ýet­di. Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­sy­nyň» we­ki­li «Li­wer­pul» to­pa­ry möw­sü­mi çem­pi­on­lyk bi­len ta­mam­lap, ola­ryň soň­ky 2 çem­pi­on­ly­gy­nyň ara­syn­da 30 ýyl bar. 1990-njy ýyl­da çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­te­ren «Li­wer­pul» şu möw­süm­de ahy­ry şol ar­zu­wy­na ýet­di. «Li­wer­pul» 30 ýyl­dan soň, mak­sa­dy­na ýet­me­si­ne ýet­di. Ýö­ne Ang­li­ýa­da «Li­wer­pul­dan» baş­ga-da çem­pi­on­ly­ga ga­raşý­an klub­lar bar. Şo­la­ryň bi­ri-de «Ar­se­nal» bo­lup, top­çu­lar soň­ky sa­par 2004-nji ýyl­da li­ga­ny bi­rin­ji­lik bi­len ta­mam­lap­dy­lar. On­dan bä­ri 16 ýyl geç­di. Ang­li­ýa­da iň köp çem­pi­on bo­lan 4-nji we 5-nji to­par­lar de­giş­lilik­de, «Ewer­ton» bi­len «As­ton Wil­la­dyr». 9 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Ewer­ton» soň­ky ge­zek 1987-nji ýyl­da, 7 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «As­ton Wil­la» iň soň­ky sa­par 1981-nji ýyl­da sa­na­wy bi­rin­ji­lik bi­len ta­mam­lap­dy­lar.

«At­le­tik Bil­bao»
ýe­ne-de nä­çe ýyl ga­raş­ma­ly?
Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň öňü­sy­ra­syn­da is­len­dik ki­şä tä­ze möw­süm­de haý­sy to­pa­ryň çem­pi­on­lyk ga­zan­jak­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly so­wal be­ril­se, ola­ryň hemmesi diýen ýaly ýa «Bar­se­lo­na» ýa-da «Re­al Mad­rid» di­ýer­ler. Soň­ky 20 ýyl­da di­ňe 3 ge­zek iki lä­he­ňe çem­pi­on­lyk ga­zan­mak ba­şart­ma­dy. De­giş­li dö­wür­de «Wa­len­si­ýa» 2, «At­le­ti­ko Mad­rid» bolsa 1 ge­zek bu iki ägirdiň çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň ara­sy­ny böldi. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 4-nji to­par «At­le­tik Bil­bao» bo­lup, olar şol bir wagtyň özünde aşa­ky li­ga düş­me­dik 3 klu­buň bi­ri­dir (beý­le­ki iki­si – «Re­al» bi­len «Bar­se­lo­na»). Ta­ry­hyn­da 8 ge­zek çem­pi­on bo­lan «At­le­tik Bil­bao» soň­ky sa­par 1983–1984 möw­sü­min­de li­ga­ny çür de­pe­de ta­mam­lap­dy. Şon­dan bä­ri ge­çen 35 ýyl­lyk dö­wür­de di­ňe 1 ge­zek kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Ada­ty or­ta­tap to­pa­ra öw­rü­len «At­le­tik» çem­pi­on­lyg-a beý­le­de dur­sun, wag­tal-wag­tal li­ga­da gal­mak üçin hem ýi­ti gö­reş alyp bar­ma­ly bol­ýar. Bask re­gio­ny­nyň şol 35 ýyl­lyk ar­zu­wy en­tek-en­tek ha­syl bol­ja­ga-da meň­zä­nok.

«Sent-Etien»
çem­pi­on­ly­gy ýat­dan çy­kar­dy
Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ-niň tag­ty­ny ow­sar­lap bil­ýän to­par hä­zir­lik­çe ýok. Ka­tar­ly işe­wür­le­riň eýe­çi­li­gin­dä­ki klub soň­ky 8 ýyl­da 7 ge­zek ýe­ňi­ji bo­lup, çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň sa­ny­ny 9-a ýe­tir­di. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da dür­li to­par­la­ryň çem­pi­on bol­ma­gy bi­len meş­hur­ly­ga eýe bo­lan Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Li­gue 1»-de soň­ky ýyl­lar­da ýe­ňiş ga­zan­mak PSŽ to­pa­ry­na hiçhi­li kyn dü­şe­nok. Hat­da tä­ze möw­sü­me PSŽ-niň nä­çe tap­gyr öň çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­jek­di­gi ha­kyn­da­ky gür­rüň­ler bi­len baş­lanylýar. PSŽ çem­pi­on­lyk ga­zan­mak­da «Sent-Etienden» we «Mar­sel­den» soň, 3-nji orun­da bar­ýar. Çem­pio­na­tyň iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry «Sent Etie­niň» ku­bo­gy eýe­lä­ni­ne 39 ýyl dol­dy. Soň­ky ge­zek olar 1980-1981 möw­sü­min­de ýe­ňi­ji bo­lup­dy­lar. Soň­ky 35 ýyl­da bolsa, öň­dä­ki üç­lü­ge gir­mek hem ba­şar­da­nok we bu ýag­daý en­tek­ler üýt­gär ýa­ly däl.

«Na­po­li» Ma­ra­do­na­ly gün­le­ri­ni küý­se­ýär
Edil «Li­wer­pul» ýa­ly, Italiýanyň «Na­po­li» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­lyk ga­za­na­ny­na-da şu möw­süm 30 ýyl dol­ýar. Soň­ky ge­zek ku­bo­gy Ma­ra­do­na­ly ýyl­la­ryn­da, ýag­ny 1990-njy ýyl­da ga­za­nan «Na­po­li» 2012-nji ýyl­dan bä­ri 4 ge­zek 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Şo­la­ryň 2-sin­de çem­pi­on­ly­ga diý­seň go­laý­la­dy. Ýö­ne 8 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on bo­lup gel­ýän we bas­syr 9-njy ýeň­şi­ne-de go­laý­lan «Ýu­wen­tus» gü­nor­ta­ly­la­ryň çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy­na maý be­re­nok. Aslynda Ita­li­ýa­da çem­pi­on­ly­gy ar­zuw ed­ýän di­ňe «Na­po­li» däl. Paý­tag­tyň we­kil­le­ri­niň hem çem­pi­on bo­la­ny­na-da az wagt geç­me­di. «Ro­ma» soň­ky sa­par 2000-nji ýyl­da, «La­sio» bol­sa 2001-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy.

«Ba­wa­ri­ýa» bar­ka…
Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» edil «Se­rie A»-da­ky ýa­ly çem­pi­on­lyk di­ňe 1 to­pa­ra mah­sus diý­sek öte geç­di­gi­miz bol­maz. Olam soň­ky 8 ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry­dyr. El­bet­de, «Bun­des­li­ga­nyň» di­ňe «Ba­wa­ri­ýa» de­giş­li bol­ma­dyk ýyl­la­ry hem bar. 1970-nji ýyl­lar­da Mön­heng­lad­bah şä­he­ri­niň «Bo­rus­si­ýa» to­pa­ry­nyň şe­ma­ly be­lent­den öw­süp­di. Şol ýyl­lar­da 5 ge­zek çem­pi­on bo­lan «Bo­rus­si­ýa M» to­pa­ry 1977-nji ýyl­dan bä­ri edil el­den-aýak­dan çykan ýa­ly. «Bo­rus­si­ýa M» to­pa­ry 43 ýy­lyň do­wa­myn­da ba­ry-ýo­gy 3 ge­zek 3-nji or­ny eýe­le­di. Aram-aram möw­sü­miň baş­la­ryn­da şow­ly çy­kyş­lar gör­kez­se-de, soň­lu­gy bi­len, ola­ra çem­pi­on­lyk ga­zan­mak hä­zir­lik­çe ba­şar­dy­be­re­nok.

Beý­le­ki ýurt­lar
Por­tu­ga­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lis­sa­bo­nyň «Spor­ting» to­pa­ry­ ýur­duň 3 uly to­pa­ry­nyň bi­ri bo­lup, olar soň­ky ge­zek 2002-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Paý­tagt­ly­la­ryň 18 ýyl­lyk ar­zu­wy­nyň ha­syl bol­ma­gy­na «Ben­fi­ka» bi­len «Por­to» to­par­la­ry bö­wet bol­ýar. To­par 18 ýyl ozal 18-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, şon­dan bä­ri çem­pio­na­ty 6 ge­zek 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­dy. Lis­sa­bon­ly­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny göz öňün­de tut­sak, olar ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bo­la­ry­na en­tek­ler köp ga­raş­ma­ly bo­lar­lar.
Tür­ki­ýä­niň çem­pio­na­ty «Sü­per Lig­de» ýur­duň iň köp çem­pi­on bo­lan 4-nji to­pa­ry «Trab­zons­po­ryň» ýe­ňi­ji bo­la­ny­na 36 ýyl bol­dy. 6 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan «Trab­zons­por» 1984-nji ýyl­dan bä­ri 3-4 ge­zek ag­za-bur­na ge­len çem­pi­on­ly­gy bäs­deş­le­ri­ne al­dyr­dy. Awst­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­nyň» iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry, 32 ge­zek al­tyn me­da­ly eýe­län «Ra­pid Wi­en» klu­bu­na 12 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on bol­mak ba­şar­da­nok. Awst­ri­ýa­da soň­ky 12 ýyl­da «Red Bull Sals­burg» topary 10 ge­zek çem­pi­on bol­dy. Şweý­sa­ri­ýa­nyň iň ga­dy­my we iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Grass­hop­pers» klu­bu­nyň jan­kö­ýer­le­ri 17 ýyl­dan bä­ri to­par­la­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ar­zuw edip gel­ýär­ler. Ýö­ne olar il­ki bi­len ma­li­ýe tarapdan gurp­la­nyp, 2-nji li­ga­dan ýo­ka­ry li­ga çyk­ma­ly bo­lar­lar. «Grass­hop­pers» to­pa­ry Şweý­sa­ri­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 27 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şa­ryp­dy.