Kiprde arheologlar on metrlik özboluşly mozaikany ýüze çykardylar. Onda gadymy Rim aýlawyndaky atlaryň çapyşygy jikme-jik şekillendirilipdir. IV asyra degişli bolan bu ýadygärlik Nikosiýanyň etegindäki obalaryň birinden tapyldy. Diwaryň ýüzünde dört tigirli ýeňil söweş arabalary şekillendirilip, olaryň her birini dört at çekýär. Çapyksuwarlaryň we atlaryň töwereginde olaryň ady ýazylypdyr. Arheologlaryň pikirine görä, bu mozaika şäheriň aýlawynda biri-biri bilen ýaryşan esasy dört topary suratlandyrýar. Şeýle hem mozaikada atçapyşygyna taýýarlyk şekillendirilipdir. Atlynyň töwereginde iki pyýada şekillendirilip, birisiniň elinde gamçy, beýlekisiniň elinde bolsa, suwly küýze bar.
Arheologlar mozaika polunyň gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýärler. Olar bularyň Rim raýaty bolan baý kiprliniň mülküne degişlidigini çak edýärler. Arheologlar antik döwründen galan zatlaryň köpüsiniň deňziň kenarlaryndan ýüze çykarylýandygyny aýdýarlar. Rimliler dört tigirli ýeňil söweş arabasyndaky çapyşykda başlangyç derwezelerini ulanypdyrlar. Rim aýlawlarynyň ortasynda ýoly bölýän çyzygy bolupdyr. Başlangyç ýeri bolsa, bir tarapynda bolupdyr. Söweş arabalarynyň derwezede hatara duran mahaly imperator çapyşygyň başlanýandygyna yşarat hökmünde, ýaglygyny galgadypdyr.