Neýrobiologlaryň halkara topary beýniniň ozal näbelli bolan ýüz sany ugruny äşgär edýän täze kartany döretdiler. Barlag geçirijiler öz işleriniň netijelerini “Nature” žurnalynda neşir etdiler. Alymlar bu barlagy geçirmek üçin skanerleriň we kompýuterleriň täze neslinden peýdalandylar. Olar kompýutere öz işleri boýunça biri-birinden tapawutlanýan beýni bardasynyň aýratynlyklaryny kesgitlemegi öwretdiler.
Munuň üçin neýrobiologlara 1200 meýletinçiden ýygnalan ýokary durulykdaky beýniniň şekilleri gerek boldy. Şeýle hem olar 210 meýletinçide barlag geçirip, dürli barlaglaryň kömegi bilen aýry zolaklaryň işjeňligini kesgitlediler. Mundan başga-da, alymlar mielinanyň – neýronlaryň uzyn çybyjaklary bilen örtülen we nerw impulslaryny tizleşdirýän maddanyň mukdaryny anykladylar.
Soňky tapgyrda kompýuter öz barlaglarynda 210 meýletinçini synagdan geçirdi. Kompýuter merkezi nerw ulgamynyň ýokarky bölümleriniň täze ugurlarynyň işjeň zolaklaryny anyk kesgitledi. Kompýuter arkaly çykarylan karta 83 belli ugry we 97 sany hem näbelli ugry öz içine alýar. Beýniniň gapdal tarapyndaky uly bolmadyk tegmilde bolsa, golaý ýerlerine garanyňda, neýronlarda az mielina bardygy ýüze çykaryldy. Ýöne alymlar, haçan-da, adamlar hekaýalary diňlänlerinde şu bölegiň işjeňleşýändigini anykladylar. Bu bolsa, bu zolagyň dil ulgamynyň bir bölegi bolup durýandygyny çak etmäge mümkinçilik berýär.
Neýrobiologlaryň indiki ädimleri beýniniň işjeňligini we akyl ýetiriş ukybynyň aragatnaşygyny gözlemekden ybarat bolar. Şeýle hem barlag geçirijiler täze barlaglaryň bardanyň 180 zolagynyň bardygyny tassyklajakdygyna umyt edýärler. Mysal üçin, eger-de olaryň işi hakykatdan-da, tapawutlansa, her bölümiň neýronlarynyň genleriniň işjeňligi üýtgeşik bolup çykar.