Tailandda täze myhmanhanalar gurulýar
Fransiýanyň meşhur “AccorHotels” kompaniýasy Tailandda arzan bahaly myhmanhanalary gurmagy göz öňünde tutýar. 2018-nji ýylda bu kompaniýa degişli bolan “Ibis” nyşanly myhmanhanalaryň ýene-de 10-sy müşderilerine gapylaryny giňden açar. Häzir bu ýurtda arzan bahaly dynç alyş desgasynyň 11-si hereket edýär. Mundan başga-da Fransiýanyň şereketi 2019-njy ýyla çenli “Novotel”, “Mercure”, “Sofitel” hem-de “MGallery by Sofitel” nyşanly myhmanhanalaryň birnäçesini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, ol öňümizdäki 5 ýylda myhmanhanalarynyň sanyny 100-e ýetirmegi maksat edinýär.
Ýewropanyň arzan dynç alyş mekany
Gresiýanyň Afiny hem-de Rodos şäherleri Ýewropanyň iň amatly hem-de arzan dynç alyş mekanlary hökmünde kesgitlendi. “hoppa.com” syýahatçylyk portalynyň habaryna görä, Ýewropanyň beýleki şäherlerine garanyňda, Afiny bilen Rodosyň syýahatçylar üçin amatlydygy mälim edildi.
Bu sanaw taýýarlananda myhmanhana otagynyň bir gijeliginiň bahasy bilen bir hatarda taksi hyzmaty, iýip-içmek, muzeý we kinoteatrlara gitmek üçin sarp edilýän çykdajylar göz öňünde tutuldy.
Jahankeşdeler üçin şaly meýdanlary döredildi
Ýewropanyň has köp jahankeşde çekýän ýurtlaryň biri bolan Ispaniýada täze syýahatçylyk ugry oýlanyp tapyldy. Bu ýurtda jahankeşdeler üçin şaly meýdanlary döredildi. Ol hem häzirki zaman tehnologiýa enjamlary arkaly amala aşyryldy. Adanyň kenarynda ýörite maglumat tagtasy döredilip, şol ýerde-de şaly ýetişdirmegiň ilkinji gününden soňky gününe çenli edilýän işler barada gyzykly gürrüňler berilýär. Ol hem ispan fermerleriniň durmuşyny açyp görkezmäge şert döredýär. Şeýle hem jahankeşdelere şaly meýdanlaryny aýlanyp görmäge, galyberse-de şaly oragyna gatnaşmaga-da şert döredilýär. Olara şaly hasylyndan paý hem berilýär.