Ýewropa ýurtlarynda energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak boýunça köp işler alnyp barylýar. Şolaryň biri-de Beýik Britaniýada amala aşyryldy. Bu ýerde dünýäniň iň uly «Hornsea Project two» ýel energiýa bekediniň gurluşygynyň taslamasy tassyklandy. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär.
Taslamanyň önümçilik kuwwaty 1,8 gigawata deňdir. Şeýlelikde, öň bar bolan “Hornsea Project One” taslamasynyň kuwwaty 1,2 gigawata deň bolýan bolsa, ikinji taslama ýelden elektrik toguny öndürýän beketleriň arasynda iň kuwwatlysy bolar. Täze önümçilik desgasynda 300 turbina oturdylar. Ol Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda gurlar. Bu desganyň kömegi bilen 1,8 million öý elektrik togy bilen üpjün ediler. Taslama 2 müň adama iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer.
– Beýik Britaniýa deňizde ýelden energiýa serişdelerini öndürmek boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Şeýle hem biz geljekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligi boýunça has köp maýa goýum özleşdirýän döwletleriň biri bolarys. Ol hem täze iş orunlarynyň döremegine hem-de ykdysady ösüş depgininiň ýokarlanmagyna goşant goşar – diýip, Beýik Britaniýanyň söwda, energetika we senagat strategiýasy boýunça ministri Greg Klark gürrüň berýär.