Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

2015-2016-njy ma­li­ýe ýy­lyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­my­nyň möç­be­ri 11 gö­te­rim kö­pe­lip, bu ugur­da 2,2 müň ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Hal­ka­ra söw­da mi­nistr­li­gi ha­bar ber­ýär.
Tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ha­sa­by­na de­giş­li ha­sa­bat döw­rün­de 116 müň tä­ze iş orun­la­ry dö­re­dil­di. Da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­ly kom­pa­ni­ýa­lar­da iş bi­len üp­jün edi­len ra­ýat­la­ryň sa­ny 390 mü­ňe go­laý­la­dy. Şeý­le­lik­de, Bri­ta­ni­ýa ge­çen ma­li­ýe ýy­lyn­da ma­ýa go­ýum çek­mek­de Ýew­ro­pa­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re eýe bo­lan ýurt bol­dy.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da has köp tas­la­ma ama­la aşy­ran ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da öň­de­li­gi ABŞ eýe­le­ýär. Bu ýurt 570 tas­la­ma bi­len öň­de bar­ýan bol­sa, Hy­taý we Hin­dis­tan de­giş­li­lik­de 156 hem-de 140 tas­la­ma bi­len ikin­ji we üçün­ji orun­da bar­ýar.
Ha­sa­bat döw­rün­de 79 döw­let ma­ýa go­ýum go­ýup­dyr. La­tyn Ame­ri­ka­sy döw­let­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­nyň sa­ny 3,4 es­se, Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň­ky bol­sa, 2,1 es­se kö­pe­lip­dir.