Halkara Pul gaznasy (HPG) Iordaniýa 723 million dollar möçberinde karz serişdelerini bermegi göz öňünde tutýar. Bu pul serişdeleri ýurduň 3 ýyllyk ykdysady we maliýe reformalarynyň durmuşa geçirilmegine sarp ediler. Şonuň netijesinde, ýurduň karzlarynyň azaldylmagy hem-de ykdysady ösüşiniň çaltlandyrylmagy maksat edinilýär. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.
HPG tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, karz serişdeleriniň 72,3 million dollary birwagtda berler. Galan bölegi bolsa maksatnamanyň çäklerinde ýuwaş-ýuwaşdan tölener.
Iordaniýanyň ýolbaşçy düzümi Halkara Pul gaznasyndan geljek karz serişdeleriniň ýurduň ykdysadyýetini güýçlendirjekdigini mälim etdi. Halkara Pul gaznasy hem soňky ýyllarda köp sanly bosgunlary kabul edýän Iordaniýa kömek etmäge taýýardygyny mälim etdi.