Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Şan­haý hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy (ŞHG) Ga­za­gys­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça “EKS­PO-2017” hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne gat­na­şar. Go­laý­da ŞHG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň ut­gaş­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ra­zy­çy­ly­gyn­da gu­ra­ma­nyň ser­gä gat­naş­ma­gy my­na­sy­bet­li yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Oňa “As­ta­na EKS­PO-2017” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy A.Ýe­si­mow, “EKS­PO-2017” hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­niň ko­mis­sa­ry, Ga­za­gys­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry R.Žo­şy­ba­ýew hem-de “EKS­PO-2017” ser­gi­sin­de gu­ra­ma­nyň pa­wil­ýo­ny­nyň ko­mis­sa­ry, ŞHG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry S.Iman­do­sow gol çek­di.
Bu hal­ka­ra ser­gi 2017-nji ýy­lyň 10-njy iýu­ny hem-de 10-njy sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Ol Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Bu ser­gi “Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Onuň çäk­le­rin­de al­ter­na­tiw ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak ba­bat­da ýe­ti­len sep­git­ler hem-de bu ugur­da gel­jek­de edil­jek iş­ler, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz­ly­gy ýa­ly ola­ryň bäh­bit­li ta­rap­la­ry gör­ke­zi­ler. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma 100-den gow­rak döw­le­tiň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.