Soň­ky dö­wür­de, esa­san hem, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da elekt­ro­mo­bil­ler­den giň­den peý­da­la­nyp baş­lan­dy. Ýew­ro­pa­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan güýç­li döw­let­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ger­ma­ni­ýa­da bu ulag­lar köp­räk poç­ta hyz­ma­tyn­da ula­nyl­ýar. “Deutsche Post” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň aw­tou­lag par­ky­nyň ulag­la­ry­nyň üs­tü­ni şu gör­nü­şi bi­len ýe­tir­ýär. Hä­zir ola­ryň sa­ny mü­ňe ýet­di. 2016-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ňil ýük elekt­ro­mo­bil­le­riň sa­ny­ny has-da kö­pel­dip, 20 mü­ňe çen­li ýe­tir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. “Streetscoo­ter” ky­sym­ly ulag­lar Ger­ma­ni­ýa­nyň kö­çe­le­rin­de adam­la­ra poç­ta hyz­ma­ty­ny ama­la aşyr­ýar. Hä­zir ola­ryň sa­ny 2 mü­ňe ba­ra­bar­dyr. Gel­jek­de onuň sa­ny­ny 30 mü­ňe ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi 9 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de pul kö­me­gi­ni ber­ýär.