Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Yk­jam ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan “App­le” güýz aýyn­da dä­be öw­rü­len çä­re­si­niň ge­çi­ril­jek wag­ty­ny kes­git­le­di. Ol şol çä­re­de tä­ze önüm­le­ri­ni hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne hö­dür­lär. Mu­nuň üçin ýö­ri­te ça­ky­lyk taý­ýar­la­nyp, on­da “7-sin­de du­şu­şa­rys” (See you on the 7th) diý­lip ýa­zy­lyp­dyr. Şu ýy­lyň 7-nji sent­ýab­ryn­da dün­ýä bel­li “iP­ho­ne” ky­sym­ly smart­fo­nyň 7-nji­si­niň halk köp­çü­li­gi­ne ta­nyş­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

«iP­ho­ne-7» yk­jam te­le­fo­ny: köp­den bä­ri met­gu­bat sa­hyp­la­ryn­da «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yk­jam ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da giň­den ýaý­ran “iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fo­ny­nyň 7-nji­si­niň taý­ýar edi­len­di­gi aý­dy­lyp ge­lin­ýär. Tä­ze smart­fon daş­ky gör­nü­şi bo­ýun­ça ozal­ky­la­ry­na meň­zeş. Onuň ek­ra­ny­nyň möç­be­ri hem ýe­ne-de öň­kü­ler ýa­ly 4,7 ýa-da 5,5 dýum ulu­lyk­da bo­lar.
Tä­ze te­le­fo­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li pro­ses­so­ry A-10 gur­lu­şyn­da bo­lup, onuň ýa­dy 32 GB möç­be­rin­de bo­lar. Onuň ope­ra­tiw ýa­dy 2 GB bo­lup, sen­sor ýag­da­ýy has-da güýç­len­di­ri­lip­dir. 7-nji sent­ýabr­da ta­nyş­dy­ryl­jak bu smart­fo­ny eý­ýäm 9-njy sent­ýabr­da sar­gyt et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler we 23-nji sent­ýabr­da dü­kan­lar­da sa­ty­lyp baş­la­nar.

“App­le Watch-2”: köp adam “App­le Watch” smart sa­gat­la­ryň tä­ze­si­niň çyk­ma­gy­na ga­raş­ýar­dy. Ozal­ky sa­gat­lar­dan kä­bir aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lar. On­da “GPS” en­jam­la­ry otur­dy­lar, ol hem sport muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­rer.

«MacBo­ok Pro»: kom­pa­ni­ýa­nyň “MacBo­ok Pro” no­ut­bu­gy­nyň tä­ze­le­nen gör­nü­şi peý­da bo­lar. Olar ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, has ýu­ka bo­lup, onuň kä­bir aý­ra­tyn­lyk­la­ry komp­ýu­ter muş­dak­la­ry­nyň göw­nün­den tu­rar.

“5K ek­ran”: “App­le” şu ýy­lyň to­mus aýyn­dan baş­lap, “Thun­der­bolt Disp­lay” mo­ni­tor­la­ry­nyň sa­tu­wy­ny tog­tat­dy. Hä­zir ol tä­ze ek­ran­la­ryň üs­tün­de iş­läp, bu ge­zek “5K” ky­sym­ly ek­ra­ny sa­tu­wa çy­kar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Bu ba­bat­da ol “LG Electro­nics” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýär.