For­mu­la 1 bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 2-nji aý­la­wy­na ba­dal­ga ber­lip, möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­da ge­çi­ril­di. Ýur­duň Fran­kor­çamps şä­her­çe­sin­dä­ki 7004 metr­lik tras­sa­da ge­çi­ri­len 44 aý­law­lyk ýa­ry­şa “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň ger­ma­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Ni­ko Ros­berg il­kin­ji ha­tar­dan bat al­dy. Bäs­le­şi­giň 6-njy aý­la­wyn­da Le­wis Ha­mil­ton soň­ky orun­dan 4-nji ýe­re, “Mak­La­re­niň” is­pan pi­lo­ty Fer­nan­do Alon­so 5-nji or­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Zaýalanan bar­ýer­le­riň be­je­ril­me­gi üçin 10-njy aý­law­da ýa­ryş tog­ta­dyl­dy. Bel­li bir sa­lym­dan soň, tä­ze­den baş­la­nan ýa­ryş­da Ni­ko Ros­berg so­ňu­na çen­li or­nu­ny sak­lap, pel­le­ha­na­dan il­kin­ji bo­lup geç­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Onuň gör­ke­zen wag­ty 1 sa­gat 44 mi­nut 51,058 se­kun­da deň bol­dy. Şun­luk­da, Ni­ko Ros­berg möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 20-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Möw­sü­me 4 ýe­ňiş bi­len baş­lan Ni­ko Ros­berg iň soň­ky sa­par şu ýy­lyň 8-nji ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Ros­berg­den 14,1 se­kunt yza ga­lan “Red Bull – TAG Heuer” to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Da­ni­el Rik­ki­ar­do 2-nji or­ny eýe­le­di. He­re­ket­len­di­ri­ji­si­ni çal­şan­dy­gy üçin iň soň­ky bo­lup ýa­ry­şa go­şu­lan “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty bäs­le­şi­gi 3-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy. Ahyr­ky pur­sat­da Ni­ko Hul­ken­berg­den oz­ma­gy ba­şa­ran Ha­mil­ton to­par­da­şy Ros­berg­den 27,6 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­kez­di. “Fors In­dia­nyň” ne­mes pi­lo­ty Hul­ken­ber­giň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da onuň to­par­da­şy mek­si­ka­ly Ser­hio Pe­rez 5-nji, “Fer­ra­ri­den” Se­bas­ti­an Wet­tel 6-njy or­na my­na­syp bol­dy.
Bel­gi­ýa “Gran Pri­sin­den” soň, Ros­berg sa­na­wyň li­de­ri Ha­mil­ton bi­len ara­ta­pa­wu­dy 9 utu­ga çen­li azalt­dy. Şu ýyl di­ňe 3 ge­zek mün­be­re çy­kyp bil­me­dik Ha­mil­ton 232 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. On­dan 9 utu­gy kem Ros­berg 2-nji, awst­ra­li­ýa­ly Da­ni­el Rik­ki­ar­do 151 utuk bi­len 3-nji orun­da bar­ýar.
Möw­sü­miň 14-nji bäs­le­şi­gi 4-nji sent­ýabr­da, ýag­ny er­tir Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­ler. Bu F1-iň şu möw­süm üçin Ýew­ro­pa yk­ly­myn­da­ky soň­ky bäs­le­şi­gi bo­lup, ga­lan “Gran Pri­ler” Azi­ýa­dyr Ame­ri­ka (De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta) yk­lym­la­ryn­da gu­ra­lar.