Dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy bas­ket­bol bäs­le­şi­gi bo­lan NBA-nyň tä­ze möw­sü­mine şu ýylyň 26-njy okt­ýabryn­da ba­dal­ga ber­ler. Şol gün NBA-nyň soň­ky çem­pio­ny “Kliw­lend Ka­wa­liers” ha­ta­ry­ny Der­rik Ro­uz bi­len güýç­len­di­ren “Nýu Ýork Niks” to­pa­ry­ny ka­bul eder. Ga­ly­ber­se-de, şol gün ge­çi­ril­jek beý­le­ki 2 du­şu­şyk­da-da Ke­win Du­ran­ty trans­fer eden soň­ky fi­nal­çy “Gol­den Steýt War­riors” bi­len “San An­to­nio Spars” hem-de “Port­land Treýl Bleý­zers” bi­le­nem “Ýu­ta Jazz” klub­la­ry du­şu­şar. 30 to­par ada­ty möw­süm­de 82 du­şu­şyk ge­çi­rer. Ada­ty möw­süm geljek ýylyň 13-nji ap­rel­inde ta­mam­la­nar we 16-njy ap­rel­de-de pleý-off tap­gy­ry baş­la­nar. Çem­pio­ny bel­li ed­ýän fi­nal oýun­la­ry-da 2017-nji ýylyň iýun aýyn­da oý­na­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, NBA-nyň ge­çen ýyl­ky fi­nal oýun­la­ryn­da “Kliw­lend Ka­wa­liers” ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Fi­nal­da “Gol­den Steýt War­riors” bi­len güýç sy­na­ny­şan LeB­ron Jeýms­li “Kliw­len­de” il­kin­ji 4 oýun­da 3–1 ha­sa­byn­da yz­da bar­ýar­dy. Ýö­ne yz­ly-yzy­na 3 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan “Kliw­lend” ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol NBA-da 3–1 ha­sa­byn­da yz­da bar­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, çem­pi­on bo­lan il­kin­ji to­par­dyr.
Şeý­le-de “NBA All-Star” şü­we­le­ňi 2017-nji ýylyň 20-nji few­ral­ynda ge­çi­ri­ler. Onuň haý­sy şä­her­de gu­ral­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe bel­li däl.