Ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­ki­lip­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, kä­bir to­par­ça­lar­da fut­bol muş­dak­la­ry­na diý­seň gy­zyk­ly du­şu­şyk­la­ryň ga­raş­ýan­dy­gy­ny ar­ka­ýyn aýt­sa bo­lar. “A” to­par­ça­da PSŽ bi­len “Ar­se­na­lyň”, “C” to­par­ça­da “Bar­se­lo­na” bi­len “Man­çes­ter Si­ti­niň”, “D” to­par­ça­da “Ba­wa­ri­ýa” bi­len “At­le­ti­ko­nyň”, “F” to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” bi­len “Bo­rus­sia Dort­mun­dyň”, “H” to­par­ça­syn­da-da “Ýu­wen­tus” bi­len “Se­wil­ýa­nyň” ara­syn­da bol­jak oýun­lar eý­ýäm­den köp­le­ri­ iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar.

UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­ny ýadyňa sal­ýan “E” we “G” (aý­ra­ty­nam ikin­ji­si) to­par­ça­la­ryn­dan haý­sy klub­la­ryň 2-nji tap­gy­ra çyk­jak­dy­gy ba­ra­da öňün­den dil ýar­mak ju­da kyn. Ang­li­ýa­nyň çem­pio­ny “Les­ter Si­ti” bi­len Rus­si­ýa­nyň wi­se-çem­pio­ny “Ros­tow” li­ga­nyň deb­ýu­tant­la­ry bo­lup, ola­ryň gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri-de köp­le­riň üns mer­ke­zin­de. Çem­pi­on­lar li­ga­sy diý­lip ug­ra­ly bä­ri bu ku­bo­gy ýy­la­şa alan to­par­lar bo­lan hem bol­sa, bu ar­zy­ly ýeň­şe yz­ly-yzy­na ýet­mek en­tek­ler hiç bir klu­ba ba­şart­ma­dy. Zi­ne­din Zi­da­nyň tä­lim­çi­li­gin­de 11-nji ku­bo­gy­ny alan “Re­al Mad­rid” mu­ny ba­şar­mak üçin oý­na­sa, “Ba­wa­ri­ýa­dyr” “Bar­se­lo­na-da” elin­den ge­le­ni gaý­gyr­ma­sa ge­rek. 2015-nji ýyl­da fi­nal­da utu­lan “Ýu­wen­tus” bol­sa, 21 ýyl­dan soň, 3-nji ge­zek ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­mek üçin ha­ta­ry­na bir­nä­çe oýun­çy goş­dy. Fran­si­ýa­nyň bas­syr 5 çem­pi­on­lyk ga­za­nan PSŽ bu ba­şar­ny­gy­ny Ýew­ro­pa­da hem gör­kez­mek üçin “Se­wil­ýa” UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­ny 3 ge­zek ga­zan­dy­ran Unaý Eme­ri­ni tä­lim­çi­li­ge bel­le­di. Beý­le­ki bir ta­rap­da­nam, köp wagt­dan bä­ri fi­na­la-da çy­kyp bil­me­ýän iň­lis klub­la­ry­nyň ara­syn­da-da ku­bo­ga iň go­la­ýy “Man­çes­ter Si­ti” ha­sap­lan­ýar. “Ba­wa­ri­ýa­da” mu­ny ba­şa­ryp bil­me­se-de, bu ugur­da örän tej­ri­be­li Pep Gu­ar­dio­la tä­lim­çi­li­ge bel­len­di. Onuň öň­ki klu­by “Bar­ça­nyň” gar­şy­sy­na gör­kez­jek oý­ny-da eý­ýäm­den fut­bol muş­dak­la­ry­ny özü­ne ma­ýyl ed­ýär. Ady­ny ag­zan şu 6 klu­bu­myz çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gä­ri diý­lip gör­ke­zil­ýär. Bel­ki ola­ryň ha­ta­ry­na soň­ky 3 ýyl­da 2 sa­par fi­nal­da utu­lan “At­le­ti­ko” hem go­şu­lyp bi­ler. Haý­sy to­pa­ryň çem­pi­on bol­jak­dy­gy­ny öňün­den çak­la­mak kyn bol­sa-da, fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly we çe­ke­le­şik­li oýun­la­ryň ga­raş­ýan­dy­gy­ny we­lin, anyk aýt­sa bo­lar.
Şu ýylyň 13-nji sent­ýabynr­da baş­lan­jak du­şu­şyk­lar 8-nji de­kabr­da-da ta­mam­la­nar. Her to­par­ça­dan 2 to­par ýo­lu­ny do­wam eder. Çem­pio­ny kes­git­le­ýän fi­nal du­şu­şy­gy we­lin, 2017-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Uel­siň mer­ke­zi şä­he­ri Kar­diff­dä­ki “Mil­len­ni­um” sta­dio­nyn­da oý­na­lar.