* Lon­do­nyň “Ar­se­na­l” to­pa­ry “Wa­len­si­ýa­dan” ger­ma­ni­ýa­ly goragçy Şkod­ran Mus­ta­fi bi­len “De­por­ti­wo­dan” is­pa­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Lu­kas Pe­re­zi öz ha­ta­ry­na goş­dy. 24 ýa­şyn­da­ky Mus­ta­fi­niň trans­fer ba­ha­sy 38 mil­li­on ýew­ro bol­sa, “Ar­se­na­l” 27 ýaş­ly Pe­rez üçin 20 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Iki oýun­çy hem tä­ze klu­by bi­len uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. Ga­ly­ber­se-de, “Ar­se­nal” ýa­rym­go­rag­çy­sy Jek Wil­şe­ri “Born­mut” klu­bu­na 1 ýyl­lyk kä­ren­de­si­ne ber­di.

* Ita­li­ýa­nyň “In­ter” to­pa­ry ha­ta­ry­na 2 oýun­çy goş­dy. Mi­lan şä­he­ri­niň klu­by Bra­zi­li­ýa­nyň “San­tos” to­pa­ryn­dan Ga­bi­gol la­kam­ly hü­jüm­çi Gab­ri­el Bar­bo­sa Al­mei­da bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Spor­tin­gin­den” ýa­rym­go­rag­çy Žoao Ma­rio­ny trans­fer et­di. 20 ýaş­ly Ga­bi­gol üçin 28, 23 ýaş­ly Žoao Ma­rio üçi­nem 40+5 mil­li­on ýew­ro tö­lär. “In­ter” 2 oýun­çy bi­le­nem 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.

* Ger­ma­ni­ýa­nyň “Şal­ke-04” to­pa­ry “Se­wil­ýa­nyň” uk­rai­na­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Ýew­ge­niý Ko­nopl­ýan­ka­ny 1 ýyl­lyk kä­ren­de­si­ne öz dü­zü­mi­ne goş­dy. 26 ýaş­ly oýun­çy tä­ze klu­bun­da 11-nji bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer. Ko­nopl­ýan­ka “Se­wil­ýa­da” je­mi 54 oýun­da 9 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp­dy.

* “Bar­se­lo­na” klu­by “Wa­len­si­ýa­dan” is­pa­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Pa­ko Al­ka­se­ri 30 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. 23 ýaş­ly oýun­çy ka­ta­lon­lar bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Al­ka­ser ge­çen möw­süm “La Li­ga­da” 34 du­şu­şyk­da 13 gezek ta­pa­wut­lan­dy. Al­ka­se­ri in­di­ki trans­fer et­jek to­par 100 mil­li­on ýew­ro tö­le­me­li bo­lar.

* “Wa­len­si­ýa” to­pa­ry “Bar­se­lo­na­nyň” ýaş hü­jüm­çi­si Mu­nir El Had­da­di bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. 20 ýaş­ly oýun­çy tä­ze to­pa­ry bi­len 1 ýyl­lyk kä­ren­de­si­ne şert­na­ma bag­laş­dy. “Wa­len­si­ýa” ony möw­sü­miň ahy­ryn­da 12 mil­li­on ýew­ro tö­läp ymyk­ly ha­ta­ry­na-da go­şup bi­ler. Mu­nir El Had­da­di “Bar­ça­da” 26 oýun­da 4 gol ge­çir­di.

* Ang­li­ýa­nyň “Çel­si” to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry – ko­lum­bi­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Hu­an Ku­ad­ra­do “Ýu­wen­tu­sa” (kä­ren­de­si­ne), ga­na­ly go­rag­çy Kris­ti­an At­su “Nýu­kas­la” (kä­ren­de­si­ne), hor­wa­ti­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Ma­rio Pa­ža­liç “Mi­la­na” (kä­ren­de­si­ne), fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Lo­ik Re­mi “Kris­tal Pa­la­sa” (kä­ren­de­si­ne), Bur­ki­no fa­so­lu hü­jüm­çi Bert­rand Trao­re “Aýak­sa” (kä­ren­de­si­ne) trans­fer bol­dy. Lon­don şä­he­ri­niň bu klu­by ozal­ky go­rag­çy­sy, bra­zi­li­ýa­ly Da­wid Lui­zi 2 ýyl­dan soň, 37 mil­li­on ýew­ro PSŽ-den yzy­na al­dy (3 ýyl­lyk şert­na­ma). Şol san­da topar “Fio­ren­ti­na­dan” is­pa­ni­ýa­ly go­rag­çy Mar­kos Alon­so­ny hem 23 mil­li­on ýew­ro tö­läp, trans­fer et­di.

* Pep Gu­ar­dio­la­ny we­zi­pä bel­län “Man­çes­ter Si­ti” hem trans­fer möw­sü­mi­ni, aý­ra­ty­nam soň­ky gün­le­ri­ni diý­seň he­re­ket­li ge­çir­di. No­li­to, Il­kaý Gün­do­gan, Jon Sto­nes, Le­roý Sa­ne ýa­ly oýunçy­la­ry alan “Si­ti” to­pa­ry “Bar­se­lo­na­nyň” 33 ýaş­ly çi­li­li der­we­ze­çi­si Klau­dio Bra­wo­ny 15,4 mil­li­on fun­ta sa­tyn al­dy (4 ýyl­lyk yla­la­şyk). To­par fran­si­ýa­ly oýun­çy­la­ry­ny – go­rag­çy Eli­ýa­kim Man­ga­la­ny “Wa­len­si­ýa”, ýa­rym­go­rag­çy Sa­mir Nas­ri­ni “Se­wil­ýa”, şol san­da, bel­gi­ýa­ly go­rag­çy­sy Jeý­son De­na­ýe­ri “San­der­lan­da”, kot-d’Iu­war­ly hü­jüm­çi­si Wilf­rid Bo­ni­ni “Stok Si­tä”, ýer­li der­we­ze­çi­si Jou Har­ty Ita­li­ýa­nyň “To­ri­no” klu­bu­na kär­en­de­si­ne ug­rat­dy.

* Trans­fer möw­sü­mi­niň iň soň­ky gün­le­rin­de al­žir­li hü­jüm­çi Is­lam Sli­ma­ni “Spor­ting­den” “Les­ter Si­tä” (30 mln. ýew­ro), ita­li­ýa­ly hü­jüm­çi Ma­rio Ba­lo­tel­li “Li­wer­pul­dan” “Nis­sa” (tö­leg­siz), şweý­sa­ri­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Gök­han In­ler “Les­ter Si­ti­den” “Be­şik­ta­şa” (3+1 ýyl­lyk şert­na­ma), Mu­sa Sow “Al Ah­li­den” öň­ki to­pa­ry “Fe­ner­bah­çä”, gol­lan­di­ýa­ly go­rag­çy Bru­nu Mar­tins In­di “Por­to­dan” “Stok Si­tä” (kä­ren­de­si­ne), gol­lan­di­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Naý­jel De Ýong “LA Ga­lak­si­den” “Ga­la­ta­sa­ra­ýa”, rus­si­ýa­ly Ser­geý Par­şiwl­ýuk “Spar­tak­dan” “An­žä”, ger­ma­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Ser­ge Gnab­ri “Ar­se­nal­dan” “Wer­de­re”, ga­na­ly hü­jüm­çi Asa­mo­ah Gýan “Şan­haý Tel­les­den” “Al Ah­lä” (kä­ren­de­si­ne), is­pa­ni­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Lu­is Al­ber­to “Li­wer­pul­dan” “La­sio” (6,5 mil­li­on ýew­ro), pa­rag­waý­ly hü­jüm­çi Os­kar Kar­do­so “Trab­zons­por­dan” “Olim­pia­ko­sa”, is­pa­ni­ýa­ly go­rag­çy Al­wa­ro Ar­be­loa “Re­al Mad­rid­den” “West Ha­ma”, is­pa­ni­ýa­ly der­we­ze­çi Die­go Lo­pez “Mi­lan­dan” “Es­pan­ýo­la” (kä­ren­de­si­ne), to­go­ly hü­jüm­çi Em­ma­nu­el Ade­ba­ýor “Kris­tal Pa­las­dan” “Met­ze”, çi­li­li ýa­rym­go­rag­çy Ma­ti­as Fer­nan­des “Fio­ren­ti­na­dan” “Mi­la­na” (kä­ren­de­si­ne) geç­di.