Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolup, bu ugurda degişli kararlar kabul edilýär. Milli Liderimiziň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda öňe süren başlangyjy esasynda BMG tarapyndan ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasyna şu ýylyň noýabrynda taryhda ilkinji gezek durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty hut Aşgabatda geçirmek üçin esas boldy.

Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyna bagyşlanyp, halkara derejesinde media-forum geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen foruma dünýäniň  ençeme ýurdundan iri habar agentlikleriniň, gazetdir žurnallarynyň, internet portallarynyň, tele we radioýaýlymlarynyň wekilleri paýtagtymyza geldi.

Media-forumyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Demirgazyk we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekilhanasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň, Halkara Deňiz guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli wekilleri çykyş edip, metbugat wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek ählumumy maslahatyň ulag ulgamynyň durnukly ösüş üçin ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler. Şeýle hem olar noýabr aýynda geçiriljek halkara forumyň ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşjakdygyny mälim etdiler.

Forumyň çäklerinde möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, Ýewraziýa yklymynda bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu strategik ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda ady agzalan ählumumy maslahaty geçirmek barada çözgüt munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri onuň gün tertibine uly gyzyklanma bildirýärler.

Köp ugurly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag ýollaryny döretmek döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň aýrylmaz we möhüm şerti hökmünde häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.