Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýe­ňiş­ler­den-ýe­ňiş­le­re ta­rap ga­dam ur­ýan türk­men döw­le­ti­niň her bir gü­ni tä­ze ta­ry­hy wa­ka­la­ra we üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň bel­len­ýän ýy­lyn­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan we ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik gal­jak Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­ly­la­ry­nyň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­ny dün­ýä ta­na­dan, ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len oňyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň öň­ba­şçy­sy bo­lan mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de paý­tag­ty­myz­da­ky Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy gym­mat­ly­gy ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di.
Ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de pa­jar­lap ös­me­gi, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­ri­ni ýur­du­my­zyň ýa­şu­lu­la­ry bi­len mas­la­hat­la­şyp, dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şu ge­zek ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da-da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de olar ba­ra­da de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ir bi­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Ru­hy­ýet köş­gü­niň için­de ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ör tu­rup, uly şow­hun bi­len gar­şy al­dylar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­ny açyp, onuň mün­be­rin­den ta­ry­hy çy­ky­şy­ny ama­la aşyr­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň we et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri we ýaş­lar bar. Şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki il­çi­le­ri hem-de bi­ziň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we mis­si­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Hal­kyň hor­mat­la­ýan ýa­şu­lu­la­ry we kü­müş saç­ly ene­le­ri­miz mas­la­ha­tyň hor­mat­ly gat­na­şy­jy­la­ry bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da şan­ly wa­ka­nyň – Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň öň ­ýa­nyn­da aja­ýyp Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ril­ýän şu fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Ga­raş­syz­lyk ýo­lun­da ge­çi­len her bir gün, her bir aý we her bir ýyl öz­bo­luş­ly şan-şöh­rat­ly we ta­ry­hy äh­mi­ýet­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni wa­ka­la­ra baý bol­dy. Bu wa­ka­lar ata Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň gy­şar­nyk­syz ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny, alyp bar­ýan da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň içer­ki we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, Pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk hem-de ösüş ýa­ly dü­şün­je­le­riň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­na öw­rü­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem ýurt Baş­tu­ta­ny­myz ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ne bir­nä­çe anyk my­sal­lar ge­tir­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ge­çen çär­ýek asyr­da ýur­du­my­zyň esa­sy önüm­çi­lik gor­la­ry­na gö­nük­di­ri­len 144 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ril­di. Önüm­çi­lik we önüm­çi­lik däl mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň 544-si gu­rul­dy hem-de işe gi­ri­zil­di. Umu­my meý­da­ny 35 mil­li­on ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da her bir ada­myň umu­my ýa­şa­ýyş meý­da­ny bi­len üp­jün­çi­li­gi 23,2 ine­dör­dül met­re ýet­ýär. Bu bol­sa, 1991-nji ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­den iki es­se ýo­ka­ry­dyr.
Gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny ön­dür­me­giň möç­ber­le­ri­niň hem yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýyl­da 3,5 mil­li­on ton­na­dan gow­rak se­ment ön­dü­ril­ýär. Bu bol­sa, 1991-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 4 es­se köp­dür. Çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ri­li­şi 55,7 gö­te­rim, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň ön­dü­ri­li­şi 23 es­se, mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ri­li­şi hem 2,8 es­se art­dy. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man dok­ma se­na­ga­ty düý­bün­den tä­ze­den dö­re­dil­di. Dok­ma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ryn­da 2015-nji ýyl­da 120 müň ton­na nah ýüp­lük, 209 mil­li­on ine­dör­dül metr nah ma­ta ön­dü­ril­di. Ola­ryň möç­be­ri 1991-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da de­giş­li­lik­de 24,4 we 7 es­se kö­pel­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na goş­mak üçin yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Mil­li Li­de­ri­miz or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň, şol san­da hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň yzy­gi­der­li ös­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyp, hä­zir­ki wagt­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­ma­nyň­da, umu­my içer­ki önüm­çi­li­giň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk bö­le­gi­niň pa­ýy­nyň 68 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­ny do­wam edip, ýur­du­myz­da giň ge­rim­li kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça kons­ti­tu­si­on to­par ta­ra­pyn­dan Esa­sy Ka­nu­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça uly iş­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu iş­le­re bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren­di­gi­ni aý­dyp, tas­la­ma çap edi­len­den soň, ge­lip gow­şan tek­lip­le­ri öw­ren­me­giň, düýp­li sel­jer­me­giň we umu­my­laş­dyr­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, Esa­sy Ka­nu­nyň gu­tar­nyk­ly gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu tas­la­ma bü­tin hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy diý­sek, dog­ry bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­len­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy­nyň esa­sy düz­gün­le­ri ba­ra­da du­rup ge­çip, onuň tä­ze mad­da­la­ryň 28-si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zi­len 107 mad­da­ny we tä­ze gi­ri­zi­len bir bö­lü­mi öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da 2017-nji ýyl uly ta­ry­hy wa­ka­la­ryň döw­rü­ne öw­rü­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry şol wa­ka­la­ryň ara­syn­da örän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. El­bet­de, Pre­zi­dent saý­law­la­ry ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş-sy­ýa­sy iş­jeň­li­gi­ni we kä­mil­li­gi­ni, döw­let Baş­tu­ta­ny­ny saý­la­ma­gyň ýur­duň gel­jek­ki yk­ba­ly­ny kes­git­le­mek­de or­nu­nyň örän ulu­dy­gy­na dü­şün­ýän­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­ke­zer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Gel­jek ýyl­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­ka­ry ra­ýat­lyk iş­jeň­li­gi ýag­da­ýyn­da ge­çer. Bu saý­law­la­ra il­kin­ji ge­zek üç par­ti­ýa, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan baş­ga-da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy hem-de Ag­rar par­ti­ýa­sy gat­na­şar.
Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ryň ün­sü­ni 2017-nji ýyl üçin Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­jak dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­na çe­kip, bu ugur­da-da al­nyp ba­ryl­jak iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga geç­me­gi tek­lip edip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di. Mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu mas­la­hat­da eden çuň ma­ny­ly çy­ky­şy­ny, il-ýurt bäh­bit­li tä­ze tu­tum­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny we ma­kul­la­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Şeý­le hem olar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­tyn­da ka­bul edi­len çöz­güt­le­ri, şeý­le hem Kons­ti­tu­si­ýa­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň ka­bul edil­me­gi­niň döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de sy­ýa­sy we dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, onuň tä­ze sep­git­le­re çyk­ma­gy­ny üp­jün eder di­ýip nyg­ta­dy­lar.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň şu ge­zek­ki mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zyň Baş Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni ka­bul et­mek ha­kyn­da tek­li­biň ge­lip gow­şan­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa söz ber­di. Mil­li par­la­men­tiň baş­ly­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça ses ber­li­şigi ge­çir­mek üçin Mej­li­siň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň işi­ni do­wam et­dir­mä­ge rug­sat ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.
“Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ses ber­mek üçin mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­n­ýär. Bu Ka­nun bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz hem­me­le­ri ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi bi­len ýe­ne bir ýo­la gut­lap, ýo­kar­da ady ag­za­lan Kons­ti­tu­si­on ka­nu­na gol çek­di.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na gi­ri­zi­len res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çek­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak hem-de hor­mat­ly at­la­ry dak­mak ha­kyn­da­ky, Türk­me­nis­ta­nyň “Ze­nan kal­by” or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak we Türk­me­nis­ta­nyň “Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy” di­ýen ady dak­mak ha­kyn­da, şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na” at­ly Türk­me­nis­ta­nyň ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Per­man­lar bar.
Soň­ra ýe­ne-de mil­li par­la­men­tiň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa söz be­ril­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy “Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na” at­ly Türk­me­nis­ta­nyň ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ry­ny oka­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry bi­len da­ba­ra­ly ýag­daý­da Mej­li­siň Baş­ly­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze bu hor­mat­ly döw­let sy­la­gy­ny gow­şur­dy.
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de mil­li Li­de­ri­miz “Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy” di­ýen ada my­na­syp bo­lan ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­ne de­giş­li dö­şe da­kyl­ýan ny­şan­la­ry hem-de dür­li ul­gam­lar­da tu­tan­ýer­li zäh­me­ti, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik hem-de mil­le­tiň ýo­ka­ry ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ru­hun­da ter­bi­ýe­län­di­gi üçin “Ze­nan kal­by” or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan ze­nan­la­ry­my­za sy­lag­la­ry gow­şur­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy A.Da­da­ýe­wa “Pre­zi­den­tiň Ýyl­dy­zy” or­de­ni­ni gow­şur­dy. Ol bu sy­la­ga mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da sy­lag­lan­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 2017-nji ýyl­da in­di­ki Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­ny Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çir­me­gi tek­lip edip, ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da de­giş­li Per­ma­na gol çek­di we no­bat­da­ky umu­my­mil­li fo­ru­myň ge­çi­ril­jek anyk se­ne­si­niň bi­raz soň yg­lan edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mun­dan baş­ga-da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň Düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­tyn­da sy­lan­ýan ýa­şu­lu­la­ryň bi­ri Gur­ban­gel­di Aý­ly­ýe­wi Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di.
Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň, oňa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze umu­my­mil­li fo­ru­myň ne­ti­je­li işi, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi, şeý­le hem go­laý­la­şyp gel­ýän şan­ly se­ne – eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar. Ýyg­na­nan­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, eg­sil­mez güýç-gaý­rat, Wa­ta­ny­my­zyň hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, mil­li Li­de­ri­mi­ze aja­ýyp gül des­se­le­ri­ni gow­şur­dy­lar.

ÝUR­DU­MY­ZYŇ YK­DY­SA­DY ÖSÜ­ŞI­NIŇ BUÝ­SAN­DY­RY­JY NE­TI­JE­LE­RI:

  • 25 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň esa­sy önüm­çi­lik gor­la­ry­na gö­nük­di­ri­len 144 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ril­di. Önüm­çi­lik we önüm­çi­lik däl mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň 544-si gu­rul­dy hem-de işe gi­ri­zil­di.
  • Umu­my meý­da­ny 35 mil­li­on ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da her bir ada­myň umu­my ýa­şa­ýyş meý­da­ny bi­len üp­jün­çi­li­gi 23,2 ine­dör­dül met­re ýet­ýär. Bu bol­sa, 1991-nji ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­den iki es­se ýo­ka­ry­dyr.
  • Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýyl­da 3,5 mil­li­on ton­na­dan gow­rak se­ment ön­dü­ril­ýär. Bu bol­sa, 1991-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 4 es­se köp­dür. Çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ri­li­şi 55,7 gö­te­rim, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň ön­dü­ri­li­şi 23 es­se, mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ri­li­şi hem 2,8 es­se art­dy.
  • Ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man dok­ma se­na­ga­ty düý­bün­den tä­ze­den dö­re­dil­di. Dok­ma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ryn­da 2015-nji ýyl­da 120 müň ton­na nah ýüp­lük, 209 mil­li­on ine­dör­dül metr nah ma­ta ön­dü­ril­di. Ola­ryň möç­be­ri 1991-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da de­giş­li­lik­de 24,4 we 7 es­se kö­pel­di.
  • Ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 1995-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, hä­zir 8 es­se­den gow­rak ös­di. Bi­ziň döw­le­ti­miz dün­ýä­niň 100-den hem köp ýur­dy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy.
  • Oba ho­ja­ly­gyn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Şu ýyl ýyg­na­lan ak bug­da­ýyň möç­be­ri 1 mil­li­on 600 müň ton­na­dan geç­di. Bu bol­sa, 1991-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 8 es­sä go­laý köp­dür. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bug­da­ýy we uny da­şa­ry ýurt­la­ra ýer­le­ýän ýur­da öw­rül­di. Pag­ta­nyň her ýyl­da ön­dü­ril­ýän möç­be­ri hem 1 mil­li­on 100 müň ton­na­dan geç­di.
  • Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri bo­ýun­ça 2017-nji ýyl­da düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 42,7 mil­liard ma­na­da ba­ra­bar bo­lar. Şo­nuň 34,4 mil­liard ma­na­dy ýa-da 80,5 gö­te­ri­mi önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny gur­ma­ga goý­be­ri­ler. Mun­dan baş­ga-da, 8,3 mil­liard ma­na­dy ýa-da 19,5 gö­te­ri­mi önüm­çi­lik bi­len bag­ly bol­ma­dyk des­ga­la­ry gur­ma­ga gö­nük­di­ri­ler.
  • Tä­ze ýy­lyň ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da 400-e go­laý des­ga­ny, şol san­da önüm­çi­lik mak­sat­ly 270, dur­muş mak­sat­ly 130 des­ga­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
    Ýur­du­myz­da umu­my meý­da­ny 1,2 mil­li­on ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar. Mun­dan baş­ga-da, 17 müň orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler, 4 müň orun­lyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry, 1200 orun­lyk has­sa­ha­na­lar, bir­ba­da 3400 ada­my ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­nen sag­lyk öý­le­ri we mer­kez­le­ri ulan­ma­ga ber­ler.
  • Umu­my uzyn­ly­gy iki müň ki­lo­metr­den geç­ýän in­že­ner üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň bir­nä­çe des­ga­la­ry (suw, gaz we elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar) işe gi­ri­zi­ler.