Paýtagtymyzyň keşbine täze öwüşgin çaýjak täze halkara howa menzili ulanmaga berildi. Bu täsin hem-de sebitiň iri desgasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Dünýäniň ençeme ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagynda gurlan howa menzili sagatda 1600 ýolagça hyzmat eder. Ol dürli görnüşdäki ýolagçy hem-de ýük gatnadýan uçarlary kabul etmek mümkinçiligine eýedir. Halkara ülňülerine laýyklykda gurlan howa menziliniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. Onuň ýerleşýän meýdanynda 190 ululy-kiçili desga guruldy. Howa menziliniň taslamasy “ICAO 4F” ülňülerine doly gabat gelýär.

Aşgabadyň halkara howa menzili birnäçe halkara baýraklara mynasyp boldy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Onuň esasy ýolagçy terminalyndaky türkmen halysynyň göli 705 inedördül metre barabar meýdany bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem bu howa menzili binagärçilik taslamasy boýunça “Construction Excellence Award” baýragyna, daşky keşbi hem-de häzirki zaman tehnologiýasynyň dolulygyna ornaşdyrylandygy üçin “International Star Award for Quality” baýragyna mynasyp boldy. Bu ugurda degişli sertifikatlar gowşuryldy.