Halkymyzyň milli mirasynyň uly ösüşe eýe bolmagynda mynasyp işleri bitiren ýazyjy-şahyrlary hatyralamak, olaryň döreden eserlerini ylmy esasda öwrenmek, ömri we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlaryň dolulygyna halka ýetmegini gazanmak milli Garaşsyzlygymyzyň bize beren miwesidir. Bu möhüm işler soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, uly rowaçlyklara beslenýär.
Geçmiş edebiýatymyz hakynda pikir gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda özüniň çuňňur mazmunly eserleri bilen türkmen edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan, tanymal ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanow ýatlanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde milli Liderimiz ýakynda ýene-de bir kitaby—“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserini ýazyp gutarandygyny habar bermek bilen, onda Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň meşhur sazandamyz Şükür bagşynyň ömri we döredijiligi bilen utgaşdyrylyp beýan edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz meşhur sazandamyzyň ajaýyp keşbini ussatlyk bilen döredip, türkmen edebiýatynyň abraýyny ýene-de bir gez beýgelden beýik ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň öňünde bitiren ajaýyp hyzmatyny aýratyn nygtady.
Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ikinji Gökje obasynda doglupdyr. Ol 1925-nji ýylda Aşgabatdaky politehnikuma okuwa girýär. 1928-1929-njy ýyllarda Daşkent şäherinde metbugat ugrundan bilim alyp, häzirki “Nesil” (şol wagtky “Ýaş kommunist”) gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýär. 1929-njy ýylyň ahyrynda goşun gullugyna çagyrylan Nurmyrat 1930-njy ýylda “Gyzyl goşun” gazetinde işleýär. Gazet işi onuň döredijiliginiň açylmagyna uly itergi beripdir. Şol ýyllarda onuň “Atyjylyk üçin”, “Iki ýyl” hekaýalary çap edilýär. N.Saryhanow goşun gullugyndan gelenden soň, bir ýyl çemesi Türkmen döwlet neşirýat gullugynda redaktor bolup işleýär. Ol 1938-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda, 1941-nji ýyldan bolsa, Ýazyjylar birleşiginde maslahatçy bolup işleýär. Bu döwürde ýazyjy “Arzuw”, “Şirin”, “Soňky öý”, “Giýew”ýaly hekaýalary, “Gyrnak” powestini döredýär. N.Saryhanow 1942-nji ýylda urşa meýletin gitmeziniň öňüsyrasynda “Kitap”, “Şükür bagşy” ýaly meşhur eserlerini döredýär. Şol ýylyň ahyrlarynda onuň “Ýagtylyga çykanlar” atly eseri aýratyn kitap görnüşinde okyjylara gowuşýar.
“Kitap” hekaýasy N.Saryhanowa uly meşhurlyk getiren eserleriniň biridir. Hekaýada Magtymgulynyň şygyrlaryna halkyň çäksiz söýgüsi, belent sarpasy örän täsirli görkezilýär. Edebiýaty öwrenijiler N.Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynyň edebiýatymyzda öňde-soňda hekaýa ýordumynda döredilen eserleriň naýbaşysydygyny tassyklaýarlar.
“Ýagtylyga çykanlar” eseri hem ýazyjynyň şowly çykan eserleriniň biridir. Parahatçylygy söýüjilik eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. “Gyrnak” powestinde ýazyjy neşe ýaly ýaramaz endiklerden daşda durmagy ündäp, ynsan üçin beden saglygynyň ähmiýetiniň çäksizdigini beýan edýär.
“Şükür bagşy” powesti ýazyjynyň iň şowly çykan eseridir. Onda 1871-nji ýylda bolan waka gürrüň berilýär. Ýazyjy ol waka gatnaşýan esasy gahrymanyň – Şükür bagşynyň oýlanmalaryny, hereketlerini beýan etmek esasynda sungat wekiliniň öz sungatyny halkynyň abadançylygy bilen baglaýşyny ussatlyk bilen beýan edýär.
Mukaddes Watanyň üstüne howp abanmagy netijesinde, urşa meýletin giden ýazyjy dogduk mekanyndan uzak ilde – Moldawiýa topragynda duşmana garşy aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Ýazyjynyň şeýle gazaply ýyllarda-da, döredijiligini dowam etdirmegi onuň ykbalyny döredijilige baglan adamdygyny görkezýär. Ýazyjy “Täleý”, “Ene” ýaly eserlerini dartgynly front ýagdaýynda döredýär. N.Saryhanow daragtlaryň pür-pudak ýaýyp, miwe getirýän wagtyna çalymdaş wagtda – döredijilik zehininiň kämilleşen döwründe 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda frontda gahrymanlarça wepat bolýar. Ol Moldawiýanyň Bender (öňki Nowo-Annenowsk) etrabynyň Delakeu obasynda doganlyk (104 esger jaýlanan) mazarçylygynda jaýlanýar.
Ýazyjynyň yzynda galan maşgalasy Jemal gelnejemiz (Ol 2004-nji ýylda aradan çykdy) ýazyjy urşa ugramazynyň öň ýanynda dünýä inen Orazjemala oňat terbiýe beripdir. Häzir Mary şäherinde ýaşaýan Orazjemal geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, ençeme ýyllap mugallym bolup işledi. Häzir hormatly dynç alyşda ýören Orazjemal ýanýoldaşy Ilaman bilen ogullary Azadyň, Nurmyradyň, Muhammediň, gyzlary Baharyň, agtyklarynyň terbiýeli, sowatly, ilhalar adamlar bolup ýetişendiklerine guwanyp, bagtyýar ýaşap ýörler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri meşhur ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligine mynasyp baha berdi. Onuň birnäçe eserleri täzeden neşir edilip, okyjylara ýetirildi. “Şükür bagşy” powesti esasynda döredilen çeper film häzirki döwürde ýygy-ýygydan teleýaýlyma çykarylýar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýazyjynyň ömri we döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär.
Rimma ŞEROWA,
Daşoguz şäherindäki 20-nji orta
mekdebiň mugallymy.