Dürli multfilmleriň baş gahrymany bolan pandalaryň sanynyň gaýtadan köpeldilip başlanandygy habar berildi. Nesli azalyp barýanlygy zerarly ýörite gorag astyna alnan bu eýjejik jandarlar şeýle sanawdan aýryldy. Onlarça ýyldan bäri alnyp barylýan öňüni alyş çäreleriniň netijesinde, uly pandalaryň sanynyň 1864-e ýetendigi mälim edildi. Olaryň çagalarynyň sanynyň 200 töweregidigi çaklanylýar.
Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) bu jandarlaryň sanynyň artmagynda Hytaýda durmuşa geçirilýän çäreleriň netije berendigini mälim etdi.
IUCN pandalaryň sanawdan aýrylandygyny, emma muňa garamazdan, olaryň goralmagynyň dowam etdirilmelidigine ünsi çekýär. Munuň sebäbi olaryň esasy iýmiti bolan bambuk gamyşlarynyň global maýylganlyk sebäpli azalmagydyr. Pandalaryň ata watany Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatyndaky dag etekleri hasaplanýar. Emma olar häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýradyldy. Bu üýtgeşik jandar barada häzire çenli birnäçe multfilm hem surata düşürildi. Adatça bambuk jeňňelliginde ýaşaýan bu jandarlaryň sanynyň köpeldilmegi üçin tagalla edilýär. Tebigy şertlerde Siçuandaky daglarda ýaşaýan bu pandalar tutuş ýurtdaky pandalaryň 76 göterimini emele getirýär. Olar bambuk agajynyň ýapragyndan we nahallaryndan başga zatlary o diýen halamaýarlar. Bu jandarlaryň iýmitiniň 99 göterimini bambuk emele getirýär. Balyk we beýleki kiçi jandarlary hem iýýän pandalar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edýärler. Olar her günde öz agramynyň 15 göterimi ýaly iýmit iýmeli bolýarlar. Öz owadanlygy bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýän panda aýylary üçin hassahana hereket edýär. Siçuan welaýatynyň Dujiang şäherinde pandalar üçin halas ediş we keselleriň öňüni alyş merkezi olara dürli saglyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Ýeri gelende aýtsak, ýabany durmuşy goramagyň Bütündünýä gaznasynyň (WWF) nyşanyna hem bu jandaryň şekili ýerleşdirilendir. Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky haýwanat baglarynda bolsa, olaryň 300-den gowragy bar.
Halkara guramanyň täzelenen sanawyna dünýäniň iň uly primaty hasaplanýan Grauer gorillalary girizildi. Gündogar gorillasynyň bir görnüşi hasaplanýan Grauer gorillalarynyň sany soňky ýyllarda has-da azalypdyr. Bu jandar Uganda, Rwanda we Demokratik Kongo Respublikasynyň çäklerindäki tokaýlyklarda ýaşaýar. Ýer ýüzünde 5 müň töweregi gündogar gorillasynyň bardygy çaklanylýar. Dünýäde uly maýmynlaryň 6 görnüşiniň dördüsi nesli azalyp barýan jandarlaryň sanawyna girýär – gündogar gorillasy, günbatar gorillasy, Kalimantan orangutany we Sumatra orangutany.
IUCN-nyň gyzyl sanawynda 82 müň 954 jandar we ösümlik bar. Olaryň üçden bir böleginiň (23 müň 928) nesliniň gutarmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügi aýdylýar.