To­mus­da ýe­tiş­ýän iň dat­ly mi­we­le­riň bi­ri bo­lan şet­da­ly dü­zü­min­de köp muk­dar­da suw sak­la­ýar. Ata wa­ta­ny Hy­taý bo­lan mi­we uzak ýa­şyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ýy­ly ho­wa­ny ha­la­ýan ösüm­lik or­ta­ça, 30 ýyl ha­syl ber­ýär. Onuň mi­we­si ter­li­gi­ne şeý­le hem beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şetdaly mi­we su­wunyň alynmagynda has-da köp peýdalanylýar. Beý­le­ki mi­we­ler ýa­ly şet­da­ly­nyň hem mü­rep­be­si taý­ýar­lan­ýar. Kä­bir ýer­ler­de onuň şä­ni­gi­ni ýak­mak üçin hem ulan­ýar­lar. Se­bä­bi onuň kü­li az bol­ýar. Şä­ni­gi­niň maň­zy bol­sa mal­la­ryň iý­mi­ne goş­mak üçin peý­da­la­nyl­ýar. Ba­har pas­lyn­da en­tek ýap­rak­la­ry çyk­man­ka açýan gül­gü­ne gül­le­ri te­bi­ga­tyň gör­kü­ne görk goş­ýar. Iýun aýyn­dan sent­ýab­ra çen­li ara­lyk­da mi­we ber­ýän bir­nä­çe gör­nü­şi bol­ýar. Be­de­ni­mi­ze örän köp peý­da­sy bo­lan bu mi­wä­ni ma­za­ly ýu­wup, soň­ra iý­me­li. Se­bä­bi mi­wä­niň da­şyn­da maý­da­ja tüý­ja­gaz­lary bar. Şeý­le hem onuň ga­by­gy­ny art­man iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Se­bä­bi, wi­ta­min­ler we beý­le­ki peý­da­ly sü­ýüm­ler onuň ga­by­gy­na ýa­kyn ýer­ler­de bol­ýar. Şet­da­ly saý­la­nan­da, reň­ki sol­ma­dyk hem-de ýum­şak bol­ma­ly. Ki­çi ýa-da or­ta ulu­lyk­da­kysy onuň or­ga­ni­ki usul­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni aň­lad­ýar. Dü­zü­min­de A, B, C wi­ta­min­le­ri, mag­niý, de­mir, nat­riý, ka­liý, kal­siý we beý­le­ki peý­da­ly mad­da­lar bo­lan şet­da­ly gan ba­sy­şy­ny, siň­di­riş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar.