Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda görnükli ýazyjymyz Osman Ödäniň “MagtymguIy – tutuş bir milletiň ruhy hem akyl keşbi, görnüşi. Ol Gündogaryň ruhunyň täze, gaýtalanmaz adatdan daşarylygy. Dünýä üçin bolsa, ol entek “açylmadyk dünýä” diýip, bahalandyryşy ýaly, bu günki gün türkmen halkynyň kalbynyň töründe mydamalyk orun alan beýik şahyryň döredijiligini sarpalamak, oňa buýsanmak her birimiz üçin parzdyr.
Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerinde ünsüňi jemleseň, onuň durmuşy, durmuşy pelsepewi garaýyşlary, döwri bilen tanyşmak mümkinçiligi, geljege bolan nazaryýeti giňden açylýar. Dürli tematiki aňlatmaly, baý mazmunly şygyrlaryň dürli görnüşli çeperçilik serişdelerini ulanmak bilen düzülenligi bolsa, okyjyny biygtyýar özüne çekýär. Ylahy ylhamyň eýesi bolan akyldar şahyryň döredijiliginde mugallymlar, edebiýaty söýüjiler, aýratynam, döredijilige ýaňy başlan ýaşlar üçin öwrenere zat kän. Onuň şygyrlarynda goşgy düzüliş formalarynyň, tas, hemmesine ýüzlenendigini, ençemesini hut özüniň döredendigini görmek bolýar.
Beýik şahyrymyz “Äleme belgilidir”, “Türkmen binasy” ýaly goşgularyny gazal, “Bendi boldum”, “Elbetde bizar” şygyrlaryny ikileme (mesnewi) formasynda ýazypdyr. Dörtleme (murapbag) formasynda ýazan “Türkmeniň”, “Bu derdi” ýaly goşgularynyň başky bentleri döredijiliginiň esasy bölegini eýeleýär. Şahyr “Bar meniň”, “Bile”, “Bitmezmiň”, “Aşyk bolmuşam” ýaly şygyrlaryny goşgy düzülişiniň bäşleme (muhammes) “Köňlüm”, “Nahana geldiň” ýaly şygyrlaryny altylama (müseddes) görnüşinde ýazan bolsa, “Nazar eýle”, “Gelendir”, “Jahan peýda” ýaly goşgulary ýedilemä (Musabbag) degişlidir. “Meňzär hökümli” goşgusy sekizlemede (müsemmes) ýazylyp, her setiriniň bogun ölçegi dürlüçe gelip, sazlaşykly kapyýalaşýar:
Köňüller köşgünde hyýalyň hany,
Öwlady-hüňkara meňzär hökümli.
Aşyk çekse nalany,
Ýasa salar läläni,
Gamzaň garakçysy salsa talaňy,
Ýerde peşe, padşany,
Hudaýymyň halany,
Kirpigiň ok, gaşyň ýaýdyr çekimli.
Magtymgulynyň döredijiliginde dokuzlamada (mutassagta) ýazylan “Gülüň boldum” ýaly goşgular-da bar. Şeýle hem, Magtymgulynyň döredijilik geriminiň giňdigini, dünýägaraýşynyň has uludygyny subut edýän, onuň kakasy Döwletmämmet Azady bilen (“Oglum-Azadym”, “Adam ata bilen duşdy”), döwürdeşi Durdy şahyr bilen (“Habar ber şeýledir!”, “Donuň kim biçdi”), Zunuby bilen (“Habar ber – şeýledir!”), Magrupy bilen (“Eýwany tört”) aýdyşyk formasyndaky goşgularyny okanyňda-da, sowal-jogap häsiýetli “Bir niçe mysal”, “Gitseň bar aman”, “Meňli han” we beýleki dürli temadaky şygyrlarynyň manysyny tireniňde-de, olardaky ulanýan döredijilik tärleriniň ussatlyk derejesiniň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Şahyr şygyr setirlerini 7, 8, 11,14, 15 bogunly görnüşde ýazmak bilen olarda adaty kapyýadan daşary diliň çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmaga-da üns beripdir. Onuň Hudaýyň keşbini gözleýjilik bilen ýazan “Näme sen?” goşgusynda bolsa, adaty sazlaşykly rifmalaryň çäginde her setirinde meňzetmäni, her bendiň soňundaky setirde redifi ulanandygy bu ritoriki soragly şygryň täsirliligini has-da artdyrýar:
Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammýň.
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?
Magtymgulynyň “Aýrylyp”, “Ýar senden”, “Söýmüşem seni”, “Güzeşt eýle” ýaly şygyrlarynyň her bendiniň soňunda şol bir bolşunda gaýtalanýan setirleri bolsa refrendir. Onuň “Gözel sen”, “Nas atan”, “Çilimkeş”, “Bu derdi” ýaly goşgularyny okanyňda bolsa, deňeşdirmäni we meňzetmäni ýerlikli ulanandygynyň şaýady bolýarsyň. Hakykatdan hem, görnükli şahyrymyz Ata Atajanowyň belleýşi ýaly, Magtymguly diňe kümüşçi ussa däl-de, öz asylly uly ýüregi bilen sözlerden göwher ýasan zergärdir. Nusgawy şahyrymyzyň umman ýaly giň mana baý döredijiligini içgin öwrenmek bilen, magtymgulyşynas Annadurdy molla-şahyr “Magtymguly, syrym çohdur”, (Aşgabat, “Ruh”, 1998-nji ýyl), “Magtymguly, sözüm bilene sözdür” (Aşgabat, ”Ruh”, 2002-nji ýyl) atly kitaplarynda ýerlikli delilnamalar bilen beýik ussadyň “Kaýdadygy bilinmez”, “Üçi öwlatdan”, “Kefaret etdi”, “Kyrk”… ýaly onlarça, tapmaça (muamma) görnüşli, her setiri syrdan doly şygyrlaryna seljerme berdi.
Eziz Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen beýik şahyrymyzyň arzuwlan zamanasyna ýeten merdana halkymyz, bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny toýlaýan günlerinde ruhumyzy galkyndyrýan şahsyýetlerimizi uly hormat bilen häli-şindi ýatlaýar.
Bazar Şalyýew,
Hojambaz etrabynyň Mekan obasy,
pensioner mugallym.