Rus­si­ýa­nyň Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­rum­da umu­my ba­ha­sy 1,76 mil­liard rub­le deň bo­lan 200-den gow­rak şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Gün­do­ga­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy Alek­sandr Ga­luş­ka ha­bar ber­di.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Pak Kyn He­niň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len fo­ru­myň çäk­le­rin­de, esa­san hem, ýur­duň gün­do­gar se­bi­tin­dä­ki te­bi­gy baý­lyk­la­rynyň se­na­gat taý­dan öz­leş­di­ril­me­gi üçin de­giş­li yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Ýa­kyn gel­jek­de bu se­bit­de mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän gaz-­hi­mi­ýa top­lum­la­ry peý­da bo­lar.
Mun­dan baş­ga-da se­bi­te da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­my çek­mek üçin de­giş­li yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Ja­pan Bank for In­ter­na­tio­nal Coo­pe­ra­ti­on” (JBIC) eda­ra­sy bi­len bag­la­şy­lan şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, ma­ýa go­ýum çek­mek hem-de ha­ryt­la­ryň eks­port edil­me­gi­ni ga­zan­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Rus­si­ýa­da ikin­ji ge­zek ge­çi­ri­len fo­ru­ma 3 müň­den gow­rak adam gat­naş­dy. Ola­ryň 207-si Rus­si­ýa­nyň we 94-si da­şa­ry ýur­duň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­lary­dyr. Umu­man, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy mas­la­ha­ta işe­wür dün­ýä­sin­den 1,5 müň adam gat­naş­dy. 56 döw­let­den we­ki­li­ýet gel­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň we­kil­çi­lik­li to­pa­rynyň ha­ta­ryn­da 246 adam, Hy­ta­ýyň­ky­da 227 adam, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň­ky­da 128 adam bar.
Dür­li ýurt­la­ryň işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly iter­gi be­ren fo­ru­myň çäk­le­rin­de 56 ýyg­nak ge­çi­ril­di. Şon­da 111 ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­ş da­ba­ra­sy gu­ral­dy.
Şeý­le hem fo­ru­myň çäk­le­rin­de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň dür­li bank­la­ry bi­len karz yla­la­şyk­la­ry­na-da gol çe­kil­di. Hy­ta­ýyň tä­jir­çi­lik bank­la­ry Rus­si­ýa­nyň Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ban­ky­na 10 mil­liard ýu­an (1,5 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de ýe­ňil­lik­li karz ber­ýär. Hy­ta­ýyň Ösüş ban­ky, Eks­port-im­port ban­ky ýa­ly ma­li­ýe eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan be­ril­jek ýe­ňil­lik­li karz pul­la­ry dür­li tas­la­ma­lar üçin sarp edi­ler.
Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­myň il­kin­ji­si 2015-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­lip­di. Şon­da 1,3 tril­li­on rubl möç­be­rin­de 80-den gow­rak iri ma­ýa go­ýum yla­la­şyk­la­ry­na gol çe­ki­lip­di.