Ger­ma­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry dynç alyş üçin Tür­ki­ýe­niň de­re­gi­ne Is­pa­ni­ýa­ny saý­lap al­ýar­lar. Bu ba­ra­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky fe­de­ral eda­ra­sy ha­bar ber­ýär. 2016-njy ýy­lyň ýan­war-iýun aý­la­ry bo­ýun­ça ho­wa men­zil­le­ri­niň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, ýur­duň ra­ýat­la­ry Is­pa­ni­ýa köp­räk gi­dip baş­lap­dyr­lar.
De­giş­li dö­wür­de Ger­ma­ni­ýa­dan Is­pa­ni­ýa uçar ar­ka­ly dynç al­şa gi­den­le­riň sa­ny 6,2 mil­lio­na go­laý­la­dy. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 11 gö­te­rim köp­dür. Ger­ma­ni­ýa­ly­la­ryň 3,5 mil­lio­ny, esa­san hem, Ba­le­ar we Ka­nar ada­la­ryn­da dynç al­dy­lar.
Ýo­kar­da ag­za­lan ha­sa­bat döw­rün­de Is­pa­ni­ýa bi­len bir ha­tar­da, Gre­si­ýa gid­ýän­le­riň sa­ny hem 6 gö­te­rim kö­pe­lip­dir. 6 aýyň do­wa­myn­da Ger­ma­ni­ýa­dan bu ýur­da gi­den­le­riň sa­ny 1,1 mil­lio­na ba­ra­bar bol­dy. Mun­dan baş­ga-da Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki şä­her­le­ri hem dynç al­mak üçin amat­ly ýer­le­re öw­rül­di. Ita­li­ýa gel­ýän ger­ma­ni­ýa­ly myh­man­la­ryň sa­ny 4,5 gö­te­rim kö­pe­len bol­sa, bu gör­ke­zi­ji Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da 3,6 gö­te­rim, Fran­si­ýa­da 1,8 gö­te­rim art­dy.

Ispan tagamlarynyň 7 täsinligi

Is­pa­ni­ýa­nyň myh­man­ha­na işe­wür­li­gi fe­de­ra­si­ýa­sy “Gast­ra­no­mi­ýa­nyň 7 tä­sin­li­gi” at­ly bäs­le­şik ge­çir­di. Ol ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ýur­duň iň süý­ji hem-de köp is­leg bil­di­ril­ýän ta­gam­la­ry saý­lap al­mak üçin ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ses be­riş­lik çä­re­si­ne in­ter­net ar­ka­ly 400 müň adam gat­na­şyp, ola­ryň 18 gö­te­ri­mi­ni – ABŞ-nyň, Hy­ta­ýyň, Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Ka­na­da­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hem-de Ar­gen­ti­na­nyň ra­ýat­la­ry tut­dy.
Şol bäs­le­şi­giň esa­syn­da ýe­ňiş ga­za­nan ta­gam­la­ryň dü­zü­mi şeý­le­räk:
– Pa­pas ar­ru­ga­das: kar­toş­ka­dan taý­ýar­lan­ýan ta­gam. Oda göm­lüp bi­şi­ri­len kar­toş­ka­ny ýa­nyn­da ajy burç­ly so­us bi­len hö­dür ed­ýär­ler. Ol Ka­nar ada­la­ry­nyň ta­ga­my ha­sap­lan­ýar. XVI asyr­da Ka­nar ada­la­ry Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan ge­ti­ri­len kar­toş­ka­nyň ýe­tiş­di­ri­lip baş­la­nan Ýew­ro­pa­nyň il­kin­ji me­ka­ny­dyr.
– Ha­mon ibe­ri­ko: Is­pa­ni­ýa­nyň şöh­lat önüm­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
– Os­mi­nog: tüs­se­de ka­ka­dy­lan os­mi­nog gaý­na­dy­lan kar­toş­ka we burç bi­len be­ril­ýär.
– Wa­len­si­ýa­nyň pa­el­ýa­sy: ol is­pan ta­gam­la­ry­nyň ny­şa­ny­dyr. Onuň dü­zü­min­de tow­şan eti, to­wuk eti, gök fa­sol, to­mat we ys­ly ot­lar bar.
– Kar­toş­ka tor­til­ýa­sy: Is­pa­ni­ýa­nyň iň meş­hur ta­ga­my. Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ol bu ýurt­da XVIII asyr­da peý­da bo­lup­dyr.
– Ke­sa­da pa­se­ga: süýt, un, ýag, ýu­murt­ga, şe­ker, dal­çyn we gu­ra­dy­lyp ow­ra­dy­lan li­mon ga­by­gy go­şu­lyp taý­ýar­lan­ýan de­sert.
– Pa­pa­ra­ho­tes mur­sia­nos: Mur­si­ýa şä­he­rin­de giň­den ula­nyl­ýan üýt­ge­şik de­sert.