ABŞ-nyň «General Electric Co.» konserni 3D-printer ugry boýunça ýöriteleşen Ýewropanyň 2 kompaniýasyny 1,4 milliard dollara satyn alýar. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Şwesiýanyň “Arcam AB” hem-de Germaniýanyň “SLM Solutions Group AG” firmalary mundan beýläk amerikan şereketine degişli bolar.
Bilermenleriň baha bermegine görä, «General Electric Co.» konserni bu firmalary satyn almak bilen özüniň bazaryny has-da giňeldip, “Roll-Royce Holdings Plc” hem-de “United Technologies Corp.” ýaly kompaniýalar bilen bäsleşmek isleýär.
Konsern önümçiliginde 3D-printer tehnologiýasyndan giňden peýdalanýar. Ýewropaly firmalar häzirki zaman tehnologiýasyny peýdalanyp, awiahereketlendirijileri öndürmek üçin ulanylýan metal önümlerini öndürýär.
«General Electric Co.» konserniniň baş müdiri Jeff Immelt geleşik barada eden çykyşynda 3D-printerini ulanmak bilen önümçilikde täze derejelere çykmagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi. Kompaniýa häzirki zaman tehnologiýasyndan peýdalanyp, her ýyl 1 milliard dollar girdeji gazanmagy maksat edinýär. Soňky ýyllarda bu görkezijini 3-5 milliard dollara ýetirmegi göz öňünde tutýar.