Germaniýanyň «Volkswagen AG» kompaniýasy Hytaýyň “Anhui Jianghuai Automobile Co.”şereketi bilen elektromobilleriň önümçiligini ýola goýmak hakynda degişli ähtnama gol çekişendigini mälim etdi. Germaniýanyň kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy bilen uzak wagtlaýyn hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär. Kompaniýlar bilelikde önümçilik desgasyny gurup, şol ýerde Hytaýyň bazary üçin elektromobilleri öndürmegi meýilleşdirýär.
– Elektromobilleriň önümçiliginde öňdeligi eýelemek isleýäris. Şonuň üçin Hytaýyň şereketi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýäris – diýip, Germaniýanyň kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Mattias Mýuller aýtdy.
Kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap, tutuş dünýä bazaryna her ýyl 1 million sany elektromobil satmagy maksat edinýär. Hytaýyň hökümeti hem howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin awtomobil önümçiliginde ýangyjyň alternatiw görnüşleri bilen işleýän ulaglaryň öndürmegi meýilleşdirýär.
“Volkswagen” kompaniýasy Hytaýyň bazarynda 1980-nji ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. Häzir ol Hytaýyň iki sany öňdebaryjy şereketleri – “SAIC Motor Co” hem-de “FAW Group Co” bilen bilelikde awtoulag öndürýär. Germaniýanyň kompaniýasy 2015-nji ýylda Hytaýda 3,55 million ulag satdy.