Badamjan ýokumly gök önümleriň biridir. Ondan dürli naharlary taýýarlap bolýar. Bu önüm gadym zamanlarda gündogar ýurtlarynda aýratyn ähmiýete eýe bolup, Ýewropa giç aralaşýar. Şeýle-de bolsa, şu günki günde badamjan dürli ýurtlarda ekilýär. Bu önümiň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly maddalar bar. Badamjanda ýürek myşsalarynyň kadaly işine ýardam berýän köp mukdardaky kaliý, şeýle hem B witamini, askorbin kislotasy we karotoin bar. Onuň düzüminde witaminler onçakly köp bolmasa-da, bedenden zyýanly holesterinleri çykarmaga ukyply maddasy bilen tapawutlanýar.
Mundan başga-da ol kletçatkalara baý bolup, adamy tiz doýurmaga ukyply, şunuň bilen birlikde hem kaloriýalylygy pes. Şonuň üçin artykmaç agramdan dynmaga tagalla edýän köp adamlar ony halaýar. Şeýle hem bu benewşe reňkli önüm düzüminde kekirdegi we süňkleri berkitmäge ukyply madda saklap, hereket – daýanç süňkleriniň agyrylarynyň ösüşini haýallatmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem badamjany yzygiderli iýmek juwanlygyňy we derini oňat saklamaga ýardam berýär. Çünki badamjan tebigy kollagen işläp çykaryp, derini çyg saklaýar. Badamjany dürli usullar bilen taýýarlap bolýar. Ol gowurmakdan başga, beýleki naharlaryň we işdäaçarlaryň düzüm bölegi hökmünde hem ulanylýar.