Her ösüm­li­giň öz ösüş tiz­li­gi bol­ýar. Ola­ryň kä­bi­ri bir gün­de 1 metr ös­ýän bol­sa, kä ösüm­li­giň bir ga­ryş ös­me­gi üçin bir­nä­çe ýyl ge­rek bol­ýar. Paw­low­niýa at­ly ösüm­lik dün­ýä­niň iň çalt ös­ýän aga­jy ha­sap­lan­ýar. Bu da­ragt ada­ma peý­da­ly bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry­dyr gül­le­ri se­na­ga­tyň dür­li pudak­la­ryn­da peý­da­la­nyl­ýan bol­sa, özü­ni gur­lu­şyk ma­te­ria­ly hök­mün­de ula­nyp bol­ýar. Şeý­le hem ho­wa­nyň we top­ra­gyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Bu aga­ja hy­taý de­re­gi hem di­ýil­ýär. Se­bä­bi ol, esa­san, bu ýurt­da ýe­tiş­ýär. Ol De­mir­ga­zyk ýa­rym şa­ryň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly ekil­ýär. Onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy çalt ös­ýän­li­gi­dir. Eki­len ýy­ly onuň bo­ýy 8-8,5 met­re ýet­ýär. Pa­wlow­niýa or­ta­ça, 70 ýyl ýa­şa­ýar. Agaç ke­si­len­den soň­ra, ýe­ne gaý­ta­dan gö­ger­ýär. Ondan ýo­ka­ry hil­li tag­ta alyp bol­ýar. Ýe­ňil we çy­dam­ly bo­lan agaç­la­ry kes­mek hem kyn däl. Şol se­bäp­li me­bel önüm­çi­li­gin­de, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da, saz gu­ral­la­ryny ýa­sa­mak­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Aga­jyň ýap­rak­la­ry­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da azot bol­ýar. Şol se­bäp­li onuň ýap­rak­la­ry mal­la­ra ot hem-de dö­kün hök­mün­de ula­nyl­ýar. Ýap­rak­la­ry­nyň iý­mit­li­lik kuw­wa­ty ar­pa bi­len deň­dir. Şeý­le hem bu agaç­lar ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­da diý­seň tä­sir­li­dir. Onuň ýap­rak­la­ry to­za­ny we tüs­sä­ni özü­ne çek­ýär. Pa­wlow­niýa­nyň to­za­ny aras­sa­laý­jy­ly­gy ar­ça­nyň­ky­dan 15 es­se ýo­ka­ry bol­ýar. Ap­rel-maý aý­la­ryn­da bol­sa, örän owa­dan gül aç­ýar. On­dan al­nan ary ba­ly hem açyk reňk­li we ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Onuň kök­le­ri­niň uzyn bol­ma­gy we aşak­ly­gy­na git­me­gi dag etek­le­rin­de top­ra­gyň süýş­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Pa­wlow­niýa eki­len ýer­ler has gurp­lan­ýar. Ol top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­nyň hem öňü­ni al­ýar. 25 de­re­je so­wu­ga we 50 de­re­je ys­sa çy­dam­ly bo­lan bu da­ragt dür­li top­rak şert­le­rin­de ýe­tiş­ýär. Onuň ýap­rak­la­ry iri bol­ýar. Şol se­bäp­li ýaş paw­low­niýa­lary has köp su­war­ma­ly bol­ýar.