Me­ge­rem, tar­hun ýaz­gy­ly içim­lik suw­la­ry hem­mä­miz bil­ýän­di­ris. Eý­sem, bu otuň ni­re­ler­de gö­ger­ýän­di­gi­ni, nä­hi­li peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­mi­si­ňiz? Bu ota la­tyn­ça­ “Ar­te­mi­sia dracunculus” di­ýil­ýär. Köp­ýyl­lyk ösüm­li­giň ata wa­ta­ny Si­bir se­bi­ti ha­sap­lan­ýar. Gy­rym­sy aga­ja meň­zeş bo­lan bu ösüm­lik De­mir­ga­zyk ýa­rym ­şa­ryn­da ýaý­ran­dyr. Örän owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan otuň bo­ýy 120-150 san­ti­met­re, in­siz­je ýap­rak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 2-8 san­ti­metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Onuň ýa­kym­ly we ýi­ti ysy bol­ýar. Maý­da­ja gül­le­ri to­ga­lak bo­lup, ýa­şy­lym­tyl ak reňk­li bol­ýar. Onuň esa­sy iki gör­nü­şi – fran­suz tar­hu­ny (“A. Dracunculus”) we rus tar­hu­ny (“A. Dracunculoi­des”) bol­ýar. Ter ýap­rak­la­ry gu­ra­dy­lyp, dün­ýä­niň bel­li aş­ha­na­la­ryn­da ta­gam­la­ra dür­li ýa­kym­ly ys ber­mek mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýar. Rus tar­hu­ny to­hu­my ekil­mek ar­ka­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Iýul-no­ýabr aýlary ara­ly­gyn­da ýap­rak­la­ry ke­si­lip, gu­ra­dyl­ýar. Ony kö­le­ge­de açyk ho­wa­da gu­rad­ýar­lar. Şeý­le hem ol ça­ý hökmünde hem dem­le­nil­ýär. Tar­hun iň go­wy iş­däa­çy­jy ha­sap­lan­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry iş­däa­çar­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. To­hu­my der­man hök­mün­de u­la­nyl­ýar. Şeý­le-de on­dan taý­ýar­la­nan sir­ke bol­ýar. Tar­hu­nyň ýa­gy dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da hem giň­den ula­nyl­ýar.
Tar­hun an­ti­ok­si­danta, mi­ne­rala we wi­ta­min­le­re diý­seň baý­. Onuň dü­zü­min­de ýod, mi­ne­ral duz­lar, A, B6 we C wi­ta­min­le­ri, mar­ga­nes, de­mir, ka­liý, kal­siý, mag­niý, fos­for we beýleki mi­ne­ral­lar bar.