Yk­jam ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan “App­le” şereketi Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň sport ulag­la­ry­ny ön­dür­ýän “McLa­ren Techno­lo­gy Group” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn al­mak üçin gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň bu kom­pa­ni­ýa­sy­nyň umu­my ba­ha­sy 1-1,5 mil­liard fun­ta (1,3-1,95 mil­liard dol­lar) deň bol­dy. Bu ba­ra­da “Fi­nancial Ti­mes” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
“App­le” şereketi “Mak­la­ren”-i ýa sa­tyn al­ma­gy, ýa-da bu şe­re­ke­te ma­ýa go­ýum goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler iki aý mun­dan ozal baş­la­nyp­dy. Ame­ri­ka­nyň kom­pa­ni­ýa­sy­ny bri­tan şe­re­ke­ti­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy gy­zyk­lan­dyr­ýar.
Mun­dan baş­ga-da “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­mek hy­ýa­ly hem ýok däl. Ol 2019-njy ýyl­da bu ugur­da­ky il­kin­ji önü­mi­ni ba­za­ra çy­kar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Mu­nuň üçin 600 hü­när­men­den yba­rat to­par dö­re­dil­di. Şeý­le hem “App­le”-iň aw­tou­lag ba­za­ryn­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry mu­nuň bi­len çäk­li däl. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Tim Kuk şu ýy­lyň maý aýyn­da Hy­taý­da­ky “Di­di Chuxing” aw­tou­lag hyz­ma­ty­ny ama­la aşyr­ýan kom­pa­ni­ýa 1 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum goý­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.
“App­le” ame­ri­kan kor­po­ra­si­ýa­sy 1976-njy ýyl­da Stiw Jobs, Stiw Wozn­ýak hem-de Ro­nald Ueýn ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Ku­per­ti­no şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Kom­pa­ni­ýa dür­li gör­nüş­li plan­şet komp­ýu­ter­le­ri­ni, au­di­op­le­ýer­le­ri, te­le­fon­la­ry, «akyl­ly sa­gat­la­ry» ön­dür­ýär we ola­ryň iş­le­me­gi üçin ze­rur bo­lan prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­ýar.
“McLa­ren Techno­lo­gy Group” şe­re­ke­ti 1963-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Uo­king şä­he­rin­de dö­re­dil­di. Ol sport aw­tou­lag­la­ry­ny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir.

Ýewropa Bileleşiginde ulag satuwy artdy

Şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de ulag sa­tu­wy 10 gö­te­rim kö­pel­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa­nyň ulag ön­dü­ri­ji­ler bi­le­le­şi­gi ha­bar ber­ýär.
De­giş­li dö­wür­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 819 müň ulag sa­tyl­dy. Iýul aýyn­da bu gör­ke­zi­ji 744 mü­ňe deň bo­lup­dy. Umu­man, soň­ky aý­lar­da bu ugur­da­ky söw­da yzy­gi­der­li art­ýar. Şeý­le­lik­de, şu ýy­lyň 8 aýyn­da ulag sa­tu­wy 8,1 gö­te­rim ar­typ, 9,8 mil­lio­na ba­ra­bar bol­dy.
Ýew­ro­pa­nyň ulag ba­za­ry­nyň iň iri ýur­dy ha­sap­lan­ýan Ger­ma­ni­ýa­da aw­tou­lag­la­ryň söw­da­sy 8,3 gö­te­rim, Fran­si­ýa­da 6,7 gö­te­rim, Is­pa­ni­ýa­da 15 gö­te­rim, Ita­li­ýa­da 20 gö­te­rim kö­pel­di.
Mun­dan baş­ga-da dün­ýä­niň aw­tou­lag ba­za­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da-da bu ugur­da­ky önüm­çi­lik söw­da­sy ep-es­li kö­pel­di. Di­ňe aw­gust aýyn­da Hy­ta­ýyň özün­de 1,99 mil­li­on ulag ön­dü­ril­di we şol dö­wür­de 2,07 mil­li­on ula­gyň sa­tu­wy ama­la aşy­ryl­dy. Bu ugur­da de­giş­li­lik­de 26,6 gö­te­rim hem-de 24,2 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Aw­tou­lag se­na­ga­ty bi­le­le­şi­gi ha­bar ber­ýär.
Şu ýy­lyň 8 aýyn­da Hy­taý­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gi hem-de sa­tu­wy de­giş­li­lik­de 16,846 mil­li­on we 16,755 mil­li­on de­re­je­si­ne ýet­di. Bu ba­ra­da “Sin­hua” ha­bar­lar gul­lu­gy öz ma­ka­la­la­ryn­da be­ýan ed­ýär.
Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Hy­taý­da ulag önüm­çi­li­gi­niň hem-de sa­tu­wy­nyň möç­be­ri­niň 40 mil­lio­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ge­çen ýyl bu ýurt­da 24,59 mil­li­on ulag sa­tu­wy ama­la aşy­ry­lyp­dy. Bu ugur­da Hy­taý bi­rin­ji orun­da dur­ýar.