Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Hy­ta­ýyň Urum­çi şä­he­rin­de 5-nji “Hy­taý-Ýew­ra­zi­ýa” EKS­PO ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Bu hal­ka­ra fo­ru­myň hor­mat­ly myh­ma­ny Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy bol­dy. Ser­gi Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär.
Bu hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­liş çä­rä­si­ne 2192 hy­taý­ly kom­pa­ni­ýa bi­len bir ha­tar­da, 57 döw­let­den dür­li kom­pa­ni­ýa­dyr fir­ma­lar gat­naş­ýar. Ser­gi­niň hor­mat­ly myh­ma­ny bo­lan Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy 360 ine­dör­dül metr meý­dan­da öz di­war­ly­gy­ny eme­le ge­tir­di.
EKS­PO ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de dür­li ugur­lar­da 15 sa­ny ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýyg­nak­lar ge­çi­ri­ldi. Olar­da ma­li­ýe, ylym-bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­ldy.
Ser­gi 25-nji sent­ýabr­da öz işi­ni ta­mam­lar. Urum­çi­dä­ki Sinsz­ýan hal­ka­ra ser­gi­ler mer­ke­zin­de 140 müň ine­dör­dül metr meý­dan­da fir­ma­la­ryň di­war­lyk­la­ry ýer­leş­di­ril­di.