Dünýä belli uçar öndüriji kompaniýa “Boing”-iň çaklamalaryna görä, Hytaý Halk Respublikasy öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda umumy bahasy 1 trillion dollara barabar bolan uçarlaryň ençemesini satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.
Amerikanyň kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Hytaýyň milli raýat awiasiýa parkynyň üsti täze uçarlar bilen ýetiriler. Öňümizdäki ýyllarda 6810 uçar satyn almak göz öňünde tutulýar. Olaryň bahasy 1 trillion dollara golaýlaýar.
“Boing”-iň marketing boýunça wise-prezidenti Tendi Tinset Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüşinde awiasiýasynyň rolunyň uludygyny mälim etdi. Ol bu ýurduň awiasiýa pudagynyň her ýyl 6,4 göterim ösjekdigini habar berdi.
“Boing” kompaniýasynda 20 ýylyň dowamynda 39 müňden gowrak uçar öndürmek üçin 5,9 trillion dollar maýa goýumyň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.