Do­gan­lar Neýt we Jas­tin Ger­man­lar «Köl­dä­ki dur­muş» at­ly te­le­ýaý­lym gep­le­şi­gi­ni taý­ýar­la­ýar. Bu gep­le­şik “Travel Chan­nel” te­le­ýaý­ly­myn­da efi­re be­ril­ýär. Do­gan­lar Ger­man­lar öz­le­ri­niň to­ma­şa­çy­la­ry­na dün­ýä­niň iň tä­sin köl­le­ri ba­ra­da ma­ka­la taý­ýar­la­dy­lar. Şonda tä­sin köl­le­riň 5-si ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

1. Ir­ki şöh­rat kö­li: dün­ýä­niň tä­sin suw how­dan­la­ry­nyň bi­ri ABŞ-nyň Ýel­lo­us­to­un mil­li se­ýil­gä­hin­dä­ki “Ir­ki şöh­rat” kö­lü­dir. 2220 metr çuň­lu­gy bo­lan, uly bol­ma­dyk köl su­wu­nyň reň­ki bi­len adam­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu köl su­wu­nyň reň­ki­niň üýt­gäp dur­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Alym­la­ryň der­ňew­le­ri­ne gö­rä, kö­lüň şu wagt­ky ýe­rin­de ozal geý­zer­le­riň bo­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
2. Sy­ýa reňk­li köl: Al­žir Res­pub­li­ka­syn­daky “Sy­ýa reňk­li köl” dün­ýä­niň tä­sin suw how­dan­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol te­bi­ga­tyň geň tä­sin­li­gi­dir. Onuň su­wy sy­ýa­nyň reň­kin­de­dir. Ol da­şa­ry ýurt­la­ra hem eks­port edil­ýär. Hä­zi­re çen­li alym­la­ra onuň syr­la­ry­ny öw­ren­mek ba­şart­ma­dy. Onuň daş-tö­we­re­gin­de hiç hi­li jan­ly-jan­dar ýok.
3. Gy­zyl reňk­li köl: Awst­ra­li­ýa­nyň Midl-Aý­lend ada­syn­da dün­ýä­niň ýe­ne-de bir tä­sin kö­li bar. Gy­zyl reňk­dä­ki köl ýer­li hal­kyň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­dir. How­da­ny­ň su­wy süý­ji däl, ýö­ne onuň dü­zü­min­dä­ki du­zuň möç­be­ri um­man­lar­da­ky su­wuň möç­be­rin­den hem köp­. Şo­nuň üçin XX asyr­da bu ýer­den duz ga­zy­lyp alyn­dy. Soň­ra onuň ön­dü­ril­me­gi bes edil­di. Kö­lüň su­wu­nyň gy­zyl öwüş­gin çaý­ma­gy hem­mä­ni haý­ran gal­dyr­ýar.
4. As­falt kö­li: La­tyn Ame­ri­ka­syn­da­ky Tri­ni­dad ada­sy­nyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýer­leş­ýän köl ha­ky­ky as­falt su­wuk­ly­gyn­dan eme­le gel­ýär. Bu ýer­dä­ki as­fal­tyň go­ry 6 mil­li­on ton­na­dan gow­rak­dyr. Bu tä­sin ýer 1595-nji ýyl­da Uol­ter Re­li ta­ra­pyn­dan açyl­dy. Uzak ýyl­lar­dan bä­ri bu köl­den as­falt çy­ka­ryl­ýar.
5. Süý­ji we duz­ly köl: Rus­si­ýa­nyň Mur­mansk we­la­ýa­ty­nyň Kolsk et­ra­byn­da­ky Mo­gil­no­ýe kö­li özü­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol ga­dy­my köl­le­riň bi­ri bo­lup, onuň su­wy 5 gat­lak­dan yba­rat­. Onuň iň aşa­kysy köp san­ly mi­ne­ral mad­da­la­ra baý. Ikin­jisi gy­zyl reňk­li öwüş­gin ber­ýär. Üçün­jisi duz­ly suw eme­le ge­tir­ýär. Dör­dün­jisi hem duz­ly hem-de süý­ji suw. 5-nji gat­la­gy 5 metr ga­lyň­ly­gyn­da di­ňe süý­ji suw­dan yba­rat­dyr. Onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa ,gat­lak­lar öza­ra ga­ryş­ma­ýar­lar.