Ger­ma­ni­ýa­nyň hi­mi­ýa we der­man se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan “Bayer” kom­pa­ni­ýa­sy to­hum we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän “Mon­san­to” şe­re­ke­ti­ni 66 mil­liard dol­la­ra sa­tyn alan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, “Bayer” dün­ýä­niň iň uly to­hum we oba ho­ja­lyk der­man­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­di. Ame­ri­kan we ne­mes kom­pa­ni­ýa­la­ry bu ägirt uly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin bir­nä­çe aý­lap gep­le­şik ge­çir­di­ler. “Bayer” yn­san sag­ly­gy bi­len bag­ly der­man­la­ry hem ön­dür­ýär. “Mon­san­to” şe­re­ke­ti bol­sa, mek­ge­jö­wen, pag­ta, bug­daý we şe­ker­çiň­rik ýa­ly ekinleriň to­hum­la­ry köpeldýär. Ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Wer­ner Bau­mann bu hyz­mat­daş­ly­gyň paý­dar­la­ra, müş­de­ri­le­re, iş­gär­le­re we jem­gy­ýe­te uly peý­da ge­tir­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len hal­ka­ra de­re­je­sin­de to­hum we oba ho­ja­lyk der­man­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­niň 25 gö­te­ri­mi “Bayer”-e de­giş­li bo­lar.