Eýran Yslam Respublikasy 2012-nji ýyldan soňra ilkinji gezek nebit önümlerini Awstriýanyň “OMV” kompaniýasyna satdy. Awstriýanyň kompaniýasy Eýrandan gelen 1 million barrel möçberindäki nebiti Italiýanyň Triest şäheriniň portundan kabul etdi. Ol bu önümden Awstriýanyň özünde hem-de Rumyniýadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda peýdalanar. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.
2012-nji ýyldan soňra täzeden nebit eksportuna başlandy. Awstriýanyň kompaniýasy bilen Eýranyň degişli edaralarynyň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda gepleşikler geçirilýär.
Häzirki wagtda Eýranda bir gije-gündizde 3,8 million barrel nebit öndürilýär. Onuň 2 million barreli eksporta ugradylýar.