Ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň bäs­le­şi­gi bolan De­wis ku­bo­gyn­da fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Hor­wa­ti­ýa du­şu­şar. Ýa­rym fi­nal­da soň­ky çem­pi­on Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Ar­gen­ti­na öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň we­ki­li 2 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ra jü­büt­ler­de üs­tün çy­kan bri­tan­lar Mýur­re­ýiň ýeň­şi bi­len ha­sa­by deň­le­di (2–2). Fi­nal­a çykan topary Dan Ewans bi­len Leo­nar­do Ma­ýe­riň ara­syn­da­ky duşuşyk kes­git­le­di. 1-nji set­de Ewans ýe­ňiş ga­zan­sa-da (6–4), soň­ky set­ler­de 6–3, 6–2 we 6–3 ha­sa­byn­da Ma­ýers öňe saý­lan­dy we Ar­gen­ti­na­ny fi­na­la çy­kar­dy.
Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da Hor­wa­ti­ýa bi­len Fran­si­ýa du­şuş­dy. 3 oý­nuň 2-sin­de ýe­ňiş ga­za­nan hor­wat ten­nis­çi­le­rine fi­nal pe­te­gi­ni ATP sa­na­wy­nyň 11-nji bel­gi­li ra­ket­ka­çy­sy Ma­rin Çi­liç alyp ber­di. Ol fran­si­ýa­ly Ri­çard Gas­ke­ni 6–3, 6–2 we 7–5 ha­sa­byn­da ut­dy. Ne­ti­je­de, umu­my ha­sap­da 3–1 öňe saý­la­nan Hor­wa­ti­ýa fi­nal­da Ar­gen­ti­na­nyň gar­şy­da­şy bol­dy.
Ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek fi­na­la çy­kan hor­wat­lar 2005-nji ýyl­da ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di. Ar­gen­ti­na we­lin, 1981-nji, 2006-njy, 2008-nji we 2011-nji ýyl­lar­da fi­na­la çy­kyp, hiç bi­rin­de-de ýe­ňiş ga­zan­man­dy. 105-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän De­wis ku­bo­gy­nyň fi­nal du­şu­şy­gy 25–27-nji no­ýabr ara­lay­gyn­da Hor­wa­ti­ýa­da oý­na­lar.