Formula 1 boýunça Singapurda geçirilen möwsümiň 15-nji ýaryşyndan soň, sanawyň lideri üýtgedi. Bassyr 3-nji ýeňşini gazanan “Mersedes” toparynyň germaniýaly sürüjisi Niko Rosberg sanawyň täze lideri boldy.
F1-de möwsümiň 15-nji bäsleşigi Singapuryň adybir paýtagtynyň köçelerinde geçirildi. 5 müň 65 metrlik “Marina Baý” trassasynda agşamara bolup geçen bu 61 aýlawlyk ýaryşa Niko Rosberg ilkinji hatardan bat aldy. Eýýäm ilkinji aýlawda Niko Hulkenber (“Fors India”) bilen Karlos Saýnsyň (“Toro Ross”) ulaglary kiçiräk awariýany başdan geçirdi. Bäsleşik 2-nji aýlawyň ahyryna çenli howpsuzlyk ulagynyň garamagynda dowam etdi. Täzeden bat alan ýaryşda öňdäki 4 sürüji – “Mersedesden” Niko Rosberg, “Red Bulldan” Daniel Rikkiardo, “Mersedesden” Lewis Hamilton hem-de “Ferrariden” Kimi Raikkonen beýleki pilotlardan ep-esli öňe saýlandy. Olaryň 3-si 46–48-nji aýlawlarda 3-nji pit-stoplaryny etdiler. Rosberg welin, tekerini çalyşmady. Rikkiardo ýumşak we täze tekerleriniň saýasynda soňky aýlawda Rosberg bilen aratapawudy 0,5 sekunda çenli azaltdy. Ýöne germaniýaly sürüji ornuny saklamagy başardy. Ol pellehanadan 1 sagat 55 minut 48,950 sekuntda geçip, bassyr 3-nji ýeňşini gazandy. Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji, karýerasyndaky 22-nji ýeňşidir.
Rosbergden 0,4 sekunt soň pellehana gelen Rikkiardo 2-nji, ondan 8 sekuntlyk az netije görkezen Hamilton 3-nji ýeri eýeledi. “Ferrari” toparynyň sürüjileri Kimi Raikkonen bilen Sebastian Wettel 4-5-nji orunlary paýlaşdylar. 15-nji ýaryşdan soň, utugyny 273-e çykaran Niko Rosberg topardaşy Hamiltondan öňe saýlanyp, 1-nji orna geçdi. Hamiltonyň 265 utugy bar. Çempionlykdan az-owlak daşlaşan Daniel Rikkiardo 179 utuk bilen 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 2-nji oktýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurda geçiriler.