Şu günler Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilýän V Aziýa kenarýaka oýunlary tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. 45 ýurduň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýaryşa gatnaşýan türkmenistanly türgenler hem üstünlikli çykyş edýärler. Olar häzire çenli 1 altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medal gazanyp, jemi 11 medalyň eýesi boldular.
Şu ýylyň 24-nji sentýabry-3-nji oktýabry aralygynda geçirilýän V Aziýa kenarýaka oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik edýän türgenler sportuň kuraş, taýboks, jiu-jitsu, basketbol (3х3 görnüşde), sport göreşinde (erkin we grek-rim) hem-de sambo boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler.
Türkmenistanly Yhlas Setdarow kuraş boýunça 90 kg agramda çykyş edip, final tapgyryna çenli Wýetnamyň, Siriýanyň hem-de Liwanyň türgenlerinden öňe saýlandy. Ol final duşuşygynda ildeşimiz Nabi Aliýewden üstün çykyp, altyn medalyň eýesi boldy. Şeýlelikde, türkmen türgenleri hem altyn, hem-de kümüş medaly gazanmagy başardy.
– Bu meniň ilkinji altyn medalym. Men diýseň bagtly – diýip, Yhlas Setdarow belledi. Bu barada V Aziýa kenarýaka oýunlarynyň resmi internet saýtynda bellenip geçilýär. Ildeşimiz mundan ozal, geçen ýylyň aprel aýynda Liwanyň paýtagty Beýrutda geçirilen kuraş boýunça 9-njy Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp bolup, sport durmuşyndaky iň ýokary derejesini eýeläpdi.
Şeýle hem bu halkara ýaryşyň kuraş boýunça bäsleşiginde Nurýagdy Jepbarow (73 kg çenli) we Zarina Saparowa (48 kg çenli) tapawutlanyp, degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Zenanlaryň arasynda taýboks boýunça ýaryşda ildeşlerimiz iki baýragy eýelediler. Ýanyl Kawisowa (57 kg çenli) hem-de Jennet Aýnazarowa (60 kg çenli) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Söweş sungaty federasiýasynyň wekilleri Ulýana Kudinowa (49 kg çenli) we Angelina Filippowa (55 kg çenli) jiu-jitsu boýunça bürünç medallara eýe boldular. Mundan başga-da jiu-jitsu boýunça görkezme çykyşlarda Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary Ýusup we Ahmet Taňryberdiýewler kümüş medal gazanmagy başardylar.