Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykdy we baý many-maznuna eýe boldy. Golaýda Saud Arabystany Patyşalygynyň esasy baýramçylygy – döredileniniň 86 ýyllygy giňden bellenip geçildi.
Doganlyk ýurduň şanly baýramçylygynyň yzysüre Saud Arabystany Patyşalygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.
Bu çäre iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugrunyň has-da berkeýändiginiň şaýady boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň Patyşasy, Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdulaziz Al Saudyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen-saud gatnaşyklary okgunly ösýär. Dostlukly ýurtda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi we beýleki köp sanly medeni çäreler geçirildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Saud Arabystany Patyşalygynyň milli güni paýtagtymyz Aşgabatda-da bellenip geçildi. Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen dabara daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Şol dabarada çykyş eden Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz çykyşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, bu günkü günde türkmen-saud gatnaşyklarynyň okgunly ösüşe eýe bolandygyny mälim etdi. Jenap ilçi öz ýurdunyň milli baýramçylygyny ikinji watany hasaplaýan Türkmenistanda belläp geçýändigini nygtap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini belläp geçdi.
– 1997-nji ýylda Aşgabatda Saud Arabystanynyň ilçihanasy işläp başlady. 2016-njy ýyl iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da rowaçlanan döwri boldy. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Saud Arabystanyna resmi sapary boldy. Örän ýokary netijelere eýe bolan bu saparyň çäklerinde onlarça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. Ol iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine ýardam eder. Bu sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň ikinji saparydyr. Hormatly Prezident 2007-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanandan soňra özüniň ilkinji saparyny Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrandygyny hem uly buýsanç bilen bellemek isleýärin – diýip, ilçi ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda belläp geçdi.
Dostlukly ýurduň ilçisi çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän şanly baýramçylyk – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol türkmen jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy Kanunyň Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna öz mynasyp goşandyny goşjakdygyny belläp geçdi.
«Zaman–Türkmenistan».