“Ti­mes Hig­her Education” (THE) şereketi 12 ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy okuw mek­dep­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­ýar. Ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­na ba­ha ber­ýän şe­re­ket­ler, esa­san, ta­lyp­la­ra bi­lim ber­li­şi­ni, ola­ryň tä­ze açyş­la­ra, yl­my bar­lag­la­ra nä­de­re­je­de üns ber­ýän­di­gi­ni na­zar­da tut­ýarlar. THE şe­re­ke­ti­niň sa­na­wyn­da Oks­ford uni­wer­si­te­ti bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­di. Iň­lis uni­wer­si­te­tin­den soň­ra Ka­li­for­ni­ýa­nyň Teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti ikin­ji ýe­ri al­dy. Bu okuw mek­de­bi hä­zi­re çen­li sa­naw­da bäş ge­zek bi­rin­ji bo­lup­dy. Hä­zi­re çen­li bi­rin­ji­li­gi di­ňe ame­ri­kan okuw mek­dep­le­ri eýe­le­di. Sa­naw­da üçün­ji orun Stan­ford uni­wer­si­te­ti­niň pa­ýy­na düş­di. Il­kin­ji on­lu­ga ABŞ-dan 6, Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­dan 3, Şweý­sa­ri­ýa­dan 1 uni­wer­si­tet gir­di.
Ge­çen ýyl­ky sa­naw­da 800 okuw mek­de­bi­ne ba­ha ber­lip­di. Bu ýyl­ky sa­naw­da 79 ýurt­dan 980 uni­wer­si­tet bar. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy uni­wer­si­tet­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi­ni iň­lis di­lin­de bi­lim ber­ýän okuw jaý­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le hem Gol­lan­di­ýa­da­ky äh­li yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry sa­naw­da özü­ne orun tap­dy. Şol sebäpli soň­ky ýyl­lar­da Gol­lan­di­ýa­da oka­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýurt­da­ky okuw mek­dep­le­ri­niň 8-si bi­rin­ji ýüz­lü­ge, 5-si ikin­ji ýüz­lü­ge, 12 şä­her­den 13 uni­wer­si­tet on­dan soň­ky orun­la­ra my­na­syp bol­dy.
Il­kin­ji on­luk­da Kemb­rij, MIT (Mas­sa­çusets Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty), Har­ward, Prins­ton, Lon­don Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji, Şweý­sar teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty we Ber­ke­li il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun ta­pan beý­le­ki mek­dep­ler bol­dy.
Umu­my sa­naw­da ABŞ-dan 148, Ang­li­ýa­dan 91, Ýa­po­ni­ýa­dan 69, Hy­taý­dan 52, Ger­ma­ni­ýa­dan 41, Ita­li­ýa­dan 39, Awst­ra­li­ýa­dan 35, Hin­dis­tan­dan 31, Fran­si­ýa­dan we Is­pa­ni­ýa­dan 27, Ka­na­da­dan 26, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan 25, Rus­si­ýa­dan 24, Tür­ki­ýe­den 18 uni­wer­si­tet bar.