Bu gadymy golýazmanyň awtory belli däl. Ilkinji gezek bu golýazmany “Gögeýin” romany bilen tanalýan ýazyjy zenan Etel Lilian Woýniçiň ýanýoldaşy, belli iňlis antikwary, bikunisti Mihail-Wilfrid Woýniç 1912-nji ýylda satyn alandan soňra, giňden ara alnyp maslahatlaşylyp başlanýar. “Woýniçiň golýazmasy” diýlip adygan bu eser buthana degişli bolupdyr.
Ispaniýanyň iň iri neşirýatlarynyň biri “Siloe” ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň seýrek golýazmalar saklanýan kitaphanasy bilen uzaga çeken gepleşikden soňra gadymy golýazmany çäkli nusgada çap etmek hukugyna eýe boldy. Ol 900 nusgadan köp bolmaz. Neşirýat çap etmek üçin kitabyň asyl nusgasyndan onçakly parh etmeýän ýörite niýetlenen kagyzy ulanmagy maksat edinýär. Önümçilik işleri bir ýyldan gowrak wagt alyp, gyzyklanýanlara golýazma baradaky çaklamalaryny öňe sürmäge oňat mümkinçilik dörär. Neşirýata eýýäm üç ýüze golaý sargyt gelip gowuşdy. Kitabyň bahasy bolsa, 8 müň ýewro töweregi bolar.
Woýniçiň golýazmasy dünýäde iň syrly kitaplaryň biri hasaplanýar. Golýazma 17-den 24 santimetr ölçegdäki 240 pergament sahypadan ybarat bolup, dürli reňklerde çekilen suratlary, ýyldyzlaryň şekillerini we zodiakal alamatlary bilen tapawutlanýar.
Kalligrafik harplar bilen ýazylan bu kitapda 400 töweregi reňk bilen çekilen suratlar bolup, onda dürli ösümlikler şekillendirilýär. Ýöne häzire çenli olaryň birini hem anyklamak başartmady. Iň esasy zat hem, onuň haýsy dilde ýazylandygyny hiç kim bilenok. Hünärmenler kitabyň 1404-1438-nji ýyllar aralygynda ýazylandygyny çak edýärler. Bu kitap XVI asyryň ahyrlarynda Rim imperiýasynyň imperatory Rudolf II (1552—1612) tarapyndan satyn alnypdyr. Ol adamda we kosmosda syrly güýjüň bardygyna ynanypdyr we kitaby näbelli täjirden şol döwürde uly pul bolan 600 dukata satyn alypdyr. Şondan soňra kitap birnäçe gezek elden-ele geçipdir.
Woýniç 1914-nji ýylda Amerika göçüp barandan soň, kitaby nusgalap, öz tanyşlaryna we dostlaryna paýlaýar. Ýöne kitabyň diline düşünmek üçin edilen ähli tagallalar şowsuz tamamlanýar. Wilfrid Woýniç 1930-njy ýylda, Etel Lilian Woýniç hem 1960-njy ýylda aradan çykypdyrlar. Kitap bolsa, nýu-ýorkly antikwar Gansi Krausyň eline düşüpdir. Kraus kitaba 24 500 dollar töläp, 160 müň dollara satmak üçin satuwa çykarypdyr. Ýöne oňa hyrydar tapylmandyr. Netijede, söwdasy ugruna bolmadyk täjir syrly golýazmany henize çenli saklanýan ýeri bolan Ýel uniwersitetine tabşyrypdyr.
Köp sanly barlag geçirijiler bu Orta asyr golýazmasynyň syryny aýdyňlaşdyrmak üçin her näçe tagalla etseler-de başarmandyrlar. Içindäki şekillerinden çen tutsaň, kitap bäş bölümden ybarat. Birinji bölüm botanika, ikinjisi kosmologiýa, üçünjisi adam biologiýasyna, dördünjisi farmasewtika, bäşinjisi hem astrologiýa bagyşlanan. 1970-nji ýylda Ýel uniwersitetiniň professory Robert Brumbau Woýniçiň golýazmasynyň diliniň düşnüksizdigini, megerem, onuň toslama bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürüpdir.
Woýniçiň golýazmasy diňe bir barlag geçirijileriň ünsüni çekmän, eýsem, çeper edebiýata we sungata hem öz täsirini ýetiripdir. Fransuz ýazyjysy Terri Možene “Manuskript MS 408” atly romanyny bu kitaba bagyşlaýar. Şu günki günde ýörite saýt hem bolup, onda adamzat taryhynda iň syrly tekstleri aýdyňlaşdyrmakda ähli isleg bildirýänlere öz güýjüni barlamak teklip edilýär.