Eýran Yslam Respublikasynyň Merkezi banky ýurduň çäginde hereket edýän bank edaralaryna öz müşderilerine kredit kartyny bermäge rugsat berdi. Şeýle ýagdaý bu ýurtda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Bu barada Merkezi bankyň ýolbaşçysy Waliollah Seif habar berýär.
Kredit kartlary 3 müň, 10 müň we 15 müň dollar çäk bilen çykarylar. Olar dükanlarda we internet ulgamy arkaly söwda amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Eýranyň banklaryna kredit kart ulgamyna öwrenişýänçä birneme wagt gerek bolar. Kartlar banklara gelýän talaplar esasynda berler.