Mü­sür alym­la­ry­nyň to­pa­ry gu­rak se­bit­ler­de to­kaý­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ozal ula­ny­lan suw­la­ry tä­ze­den ulan­mak bo­ýun­ça in­no­wa­si­on tas­la­ma­ny iş­läp düz­dü­ler. Çöl­leş­me bü­tin Af­ri­ka üçin çyn­la­kaý me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar, ýö­ne ha­syl­ly ýe­riň gu­rak­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýän ýö­ne­keý usul agaç oturt­mak­dyr. Has gu­rak et­rap­lar­da agaç­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin aras­sa suwuň ýet­mez­çi­li­gi esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa bu me­se­lä­ni çöz­mä­ge ýar­dam be­rer.
Eý­ýäm 90-njy ýyl­lar­da Mü­sür hä­ki­mi­ýe­ti yl­my tas­la­ma­ny hö­dür­läp, onuň çäk­le­rin­de Ka­ir­den iki ki­lo­metr uzak­lyk­da “Se­ra­pi­um fo­rest” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan to­kaý dö­re­dil­di. 200 gek­tar ýer agaç­la­ryň köp gör­nü­şi, şol san­da ew­ka­lipt we gy­zyl agaç ýa­ly oba ho­ja­lygyn­da­ky gym­mat­ly agaç­lar üçin öý bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu et­rap­la­ryň top­ra­gy ka­da gö­rä, ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ýo­kum­ly mad­da­lar­dan mah­rum bol­sa­-da, bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ozal ula­ny­lan suw­la­ryň aras­sa­la­nyp, su­wa­ry­lan ha­la­tyn­da ösüm­lik­le­riň şeý­le şert­ler­de hem ösüp bil­jek­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar.
Ozal ula­ny­lan suw­lar ze­rur muk­dar­da­ky ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý bo­lup, goş­ma­ça dö­kün­le­re ze­rur­ly­gy bolmaýar. Agaç­la­ry su­war­mak üçin ula­nyl­ýan su­wuk­lyk, iki tap­gyr­da gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Bi­rin­ji tap­gyr­da me­ha­ni­ki fil­ter on­da­ky ha­pa­la­ry we taş­lan­dy­la­ry aýyr­ýar. Ikin­ji tap­gyr­da su­wa or­ga­nik mad­da­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry­nyň kö­pel­me­gi üçin kis­lo­rod we mik­ro­or­ga­nizm­ler go­şul­ýar. Ne­ti­je­de, söw­da mak­sat­ly çy­ka­ryl­ýan dö­kün­ler­dä­ki ýa­ly fos­fat­la­ra we azot­la­ra baý ga­ryn­dy eme­le gel­ýär.